Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda amerikan dollarynyň hümmeti ýokarlanýar


Dünýä bazarynda dollaryň hümmetiniň pese gaçýandygyna garamazdan, Eýranda dollaryň hümmeti ýokarlanýar.

Hepdäniň çärşenbe güni Eýranyň gara bazarynda dollaryň kursy ýokarlanyp, 12 ýarym müň eýran realyna barabar bolandygyny Azatlyk Radiosynyň Pars gullugy habar berýär.

Eýranyň Merkezi banky dollaryň hümmetini 10,200 real diýip kesgitläpdi. Eýranda walýuta alyş-çalyşy bilen meşgullanýan köp telekeçiligiň ýapylýandygy habar berilýär.

Eýran realynyň hümmetiniň pese gaçmagyna bu ýurda garşy girizilen sanksiýalaryň sebäp bolýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG