Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň Russiýasynda ‘syýasat’ we türme


Wladimir Putin (çepde) we Ýuriý Lužkow
Wladimir Putin (çepde) we Ýuriý Lužkow
Aleksandr Golts

Moskwanyň meri Ýuriý Lužkow wezipesinden kowulandan soň peýda bolan kommentariýalaryň köpüsi Orsýete syýasatyň gaýdyp gelendigini, has dogrusy, Orsýetde syýasy bäsdeşligiň başlandygyny öňe sürýärdi.

Häkimiýetiň dürli gatlaklaryndaky içki konfliktler Kreml tarapyndan islenilmeýän adamyň Wladimir Putin tarapyndan ýola goýlan düzgünleri eliniň tersi bilen itmegine şert döretdi. Aslynda, bu sistemanyň düzgünlerine laýyklykda, paltasy daşa degen ýolbaşçylar bikanun hereketlerine garşy jenaýat işiniň gozgalmagynyň öňüni almak üçin mejbury ýagdaýda işden gitmeli bolýardylar. Taňrýalkasyn hökmünde köne goç medal bilen sylaglanýardy we täze goçuň hemişelik maslatatçysy, ýa-da, örän seýrek halatlarda, Federasiýa Geňeşiniň agzasy edilip bellenilýärdi.

Emma häzirki mysalda köne goç diýleni etmedi. Lužkow towlandy. Gözlerden gaýym bolmagy buýruk berlen hem bolsa, ol muny etmek üçin kän bir howlukmady. Mundanam başga, Lužkow - Dmitriý Medwedew bilen Wladimir Putiniň töweregindäki býurokratik klanlaryň arasyndaky gapma-garşylyklardan peýdalanmaly diýen netijä geldi.

Ýurdy dolandyrýan elitanyň onuň ykbaly barada belli bir karara gelendigi görnüp duran hem bolsa, hatda ol häzirem göreşi dowam etdirmäge taýýar ýaly görünýär. Emma geň galmaly ýeri: “Wedmosti” gazetiniň salgylanan çeşmesine görä, häzirki režimiň düzgünlerine laýyklykda, Moskwanyň täze merini bellemek ygtyýarlygy Putiniň elinde.

Şeýle seredeniňde, ägirt uly maliýe güýji bolan syýasy läheň häkimiýetdäki Putinist sistemadan çykaryldy. Önda-da onuň ar almak maksady bilen syýasatda galmagy ähtimal.

Emma mesele başga zatda: häzirki syýasy sistemada real syýasata ýol ýok. Lužkow partiýa döredip biler, hatda şol partiýany döretmek üçin zerur bolan gollary hem ýygnap biler. Emma Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýörite saýlanan agzalary ony hiç haçan hasaba almazlar. Biderek bahanalary toslap taparlar – mysal üçin, arzalar dogry galam bilen ýazylmandyr diýerler – we hasaba almakdan ýüz öwürerler. Şol karara bolsa Konstitusiýa sudy sessiz-üýnsüz möhür basar.

Aýdaly, bagty çüwüp partiýasy hasaba alynaýan ýagdaýynda-da, häzirki ýasama demokratik şertlerde döwlet mediasy Lužkowy 24 sagatlap ýepbekläp biler. Onsoň bu partiýanyň üstünlik gazanara şansy hem bolmaz.

Putin diňe bir potensial bäsdeşleriniň öňüni petikläp goýmady, ol demokratiýa üçin iňňän zerur bolan gurallary hem köki bilen soguryp taşlady. Mysal üçin, erkin metbugaty we ýygnanyşmak azatlygyny ýok etdi.

Şu ýerde bir möhüm zat – Kreml bilen Lužkowyň arasyndaky göreşde iki tarap hem demokratik sistemanyň iň soňkyja galyndysyndan peýdalanmaly boldy. Lužkowyň garşysyna düşürilen filmiň mazmuny “sistema degişli bolmaýan” liderleriň biri tarapyndan ýazylan “Lužkow. Netijeler” atly hasabatdan alnypdy. Moskwanyň meri bolsa öz ýagdaýyny senzuradan geçirilmeýän az sanly ors neşirleriň biri - “Nowaýa Wremýa” žurnalynyň üsti bilen şäheriň ilatyna we halkara jemgyýetçiligine ýetirmegi makul bildi.

Elbetde, umytdan düşmedik adamlar bu dawanyň netijesiniň demokratik gurluşlaryň täzeden dikeldilmegine getirjekdigine ynanyp bilerler. Emma, meni pikirimçe, bolaýmagy mümkin başga bir waka bar. Häzirki häkimiýet sistemasynda dürli klanlaryň arasyndaky göreş (meniň ony “syýasy taýdan” diýip atlandyrasym gelenok) başgaça görünýär. Maliýe güýji bolan tanymal şahsyýet häkimiýetlere garşy çyksa, Ýukos kompaniýasynyň öňki başlygy Mihail Hodorkowskiniň gününe düşüp biler. Onuň emläkleri doňdurylypdy, maliýe girdejileri elinden alnypdy we türmä basylypdy. Putin sistemasynyň üstünlik gazanyp bilmegi üçin şundan başga ýol ýok.

Indi biz Moskwanyň býurokratlarynyň köpçülikleýin repressiýa sezewar edilmegine garaşyp bileris. Ýukosyň işgärleri hem şeýle repressiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolupdylar. Häzirki ýagdaýda bolsa, Lužkowa garşy hüjümi özi başladan prezident, Putinist sistemanyň mantygyna laýyklykda, çynyna çykandygyny görkezmeli bolar. Munuň üçin bolsa, oňa özüniň Medwedewist güýç ulanyjylary gerek bolar.

Edil häzirki pursatda administrasiýa Baş prokuraturadaky derňew komitetini aýyryp, ony göni prezidente tabyn etmek boýunça teklibi Duma hödürledi. Men munuň tötänleýindigine ynanamok. Munuň bilen birlikde, görnüşe görä, derňew komitetiniň başlygy içeri işler ministri ýaly hökümet prezidiumynyň (Putiniň Politbýurosynyň) agzasy bolmaz. Eger Içeri işler ministrligi we Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) Lužkow meselesinde bitarap bolsalar, onda Medwedewe derňew komitetiniň prokurorlary gerek bolar.

Ine, şeýdip, Putinist häkimiýet sistemasy halas bolar. Eger şeýle bolaýsa, öňümizdäki “syýasy” göreşiň howry Moskwanyň Butyrka türmesine baryp ýeter.

Aleksandr Golts “Ýežednewny žurnalynyň” baş redaktorynyň orunbasary. Şu kommentariýa ilki başda “Ýežednewny žurnalda” çap edildi, bu ýerde öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG