Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň oppozisiýa lideri ýurtda referendum geçirilmeli diýýar


Düýn Eýranyň oppozisiýa lideri prezident Ahmedinejadyň daşary sýyasatynyň ýurt üçin zyýanlydygyny we onuň prezident hökmünde özüni alyp baryşyna referendum arkaly halk tarapyndan baha berilmelidigini aýtdy.

Eýranyň reformaçy syýasatçysy we 2009-njy ýylda geçirilen prezidentlik saylawlarynda Ahmedinejada garşy bäsleşen Mir Husseýin Mosawiniň bu beýanaty onuň öz şahsy internet sahypasynda ýerleşdirildi.

Ol beýanatda Mir Husseýin Mosawi “Eýranyň prezidentiniň daşary ýurtlardaky hereketleri, şol sanda onuň BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda 11-nji sentýabrda Amerikada bolan hüjümi sorag astyna almagy, ýurduň hasam üzňeleşmegine hemem onuň ykdysadyýetiniň erbetleşmegine sebäp bolýar” diýip belläpdir.
XS
SM
MD
LG