Bu mukaddes borjy berjaý edip bilmeýän jemgyýete döwrebap diýmek kyn bolsa gerek. Azatlyk Radiosynyn habarcysy Maysa Baba gyzy Türkmenistanda hem beýleki ýurtlarda eneleriň we çagalaryň hukuklarynyň goralyş meselesi barada Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy, Şwesiýanyň Ýazyjylar guramasynyň agzasy Ak-Muhammet Welsapar bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Azatlyk Radiosy: Näme sebäpden ähli ýurtlarda eneleriň we çagalaryň hukuklaryny goramaga gitdigiçe uly üns berilýär? Bu goragyň zerurlygyny siz nämede görýärsiňiz?
A.Welsapar: Eneleriň we çagalaryň sosial goragy doly üpjün edilmese, jemgyýet sagdyn ösüp bilenok. Haýsy ýurtda çagalaryň sagdyn ösüşi, gowy bilim almagy üçin has köp çykdajy edilýän bolsa, şol yurt hem ösüşde beýlekilerden öňe düşýändir.
Çagalara hem ýetginjeklere bol-elin ýaşamaga, sagdyn ösmäge hem gowy bilim almaga gowy mümkinçilkleri döreden ýurtda jenaýatçylygam, ölüm-ýitimem az bolýar. Netijede döwlet, jemgyýet diňe bir ruhy taýdan däl, eýse material taýdanam utuş gazanýar.
Eger-de döwlet öz wagtynda çagalaryň hem ýetginjekleriň sagdyn, okuwly-bilimli bolup ösmegi üçin serişdesini gysganan bolsa, ol barybir soň şol serişdeleri hünärsizleri, wagtynda bilim berilmän işsiz galanlary eklemek, jenaýatyň öňüni almak üçin sarp etmeli bolýar. Onsoň zerur serişdeleri başdan maşgalanyň sosial goragyna, çagalaryň hem ýetginjekleriň saglygyna, okuwyna-bilimine sarp edeniň gowy dälmi nä?!
Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, bu gorag nämelerden ybarat bolmaly?
A.Welsapar: Birinji nobatda maşgalalar ýaşaýyş minimumy bilen üpjün edilmeli. Maşgalanyň talabalaýyk ýaşaýyş jaýy bolmaly. Eneleriň “men çagalaryma ertirligi ýa agşamlygy nireden alarkam?” diýen gaýgysy bolmaly däl! Çagalaryň eşigi bitin bolmaly. Hiç bir enede “çagama näme geýdirsemkäm?” diýen gaýgy bolmaly däl.
Azatlyk Radiosy: Eýse, Türkmenistanda eneler hem çagalar şeýle derejede goragly diýip bolarmy?
A.Welsapar: Ýok, häzirlikçe türkmen eneleri we çagalary sosial taýdan, gynansagam, ýeterlik goragly däl. Maşgalalaryň ýagdaýy dürli-dürli: baý ýaşaýanlaram bar, garyplaram. Jemgyýetdäki şeýle bölünişik, umuman, garaşylmadyk zat däl. Hemme kişiniň başlangyç mümkinçilikleri deň bolaýanda-da, hemmeleriň deň baýap bilmejegi belli. Sebäbi ilkibaşdan tebigat adamlaryň hersine bir hili ukyp berýär.
Ukypdan daşary işeňňirlik, zähmetsöýerlik diýen zatlar bar. Şularyň jemindenem maşgalanyň material üpjünçiligi, baýlygy emele gelýär. Türkmenistanda bolsa hemme adamyň başlangyç mümkinçiligem deň däl: gün - güýçlüniňki, gowurga - dişliniňki! Netijede, köp adamlar adalatszylyga uçrap, garyp galýarlar. Emma welin, çaga nähili maşgalada dünýä inse-de, onuň durmuşda başlangyç mümkinçilikleri beýleki çagalaryňky bilen des-deň bolmaly!
Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, munuň üçin näme edilmeli?
A.Welsapar: Elbetde, ýaňky aýdyşym ýaly, birinjiden, maşgalalaryň hemmesi ýaşaýyş minimumy bilen üpjün edilmeli! Ýurtda Zähmet biržalaryny açmaly. Işsizlere iş tapylýança berilýän sosial kömegi ýola goýmaly. Maşgalalar, birinji nobatda-da enelerdir çagalar, sosial taýdan berk goralmaly. Ýaşaýyş jaýy, iýmit, geýim-gejim, medisina kömegi hemmeler üçin elýeterli bolmaly.
Çagalar hakynda gürrüň gidende, olaryň hemmesiniň deň-derejede başlangyç hem orta bilim almaga, soňra-da, öz zehinine, ukybyna görä, ýokary okuw jaýynda başarýan ugrundan okamaga beýleki ýaşytdaşlarynyňky bilen deň hukugy bolmaly! Çaganyň bu hukuklaryny döwlet, jemgyýet üpjün etmeli.
Azatlyk Radiosy: Bu ugurda Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda nähili özgerişler bolup geçdi?
A.Welsapar: Garaşsyzlyk döwründe ýurtda sosial gorag gaty pese gaçdy. Ozal Saparmyrat Nyýazow eden-etdilige ýüz urup, Türkmenistanyň enelerini we çagalaryny sosial goragdan mahrum etdi. Çaga dogran enelere çagasy üç ýaşyna ýetýänçä döwlet tarapyndan berilýän kömek pulunyň ýatyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Galyberse-de, bu döwürde ýurtda medisina hyzmatynyň hili uçursyz pese gaçdy. Eneligiň hem çagalygyň goragy diňe maşgalanyň öz material mümkinçiligine bagly boldy. Döwlet bu meselede öz borjuny doly we dogry ýerine ýetirmedi.
Netijede, ýurtda örän agyr ýagdaý döredi. Sowet döwründe Türkmenistan çagalaryň hem eneleriň ölümi boýunça iň erbet birinji orunda bolan bolsa, SSSR ýykylansoňam, bu ýagdaý düzelmedi. Sowet döwründe türkmen eneleriniň, çagalarynyň esasy ýagysy pagta öndürmek üçin oba-hojalygynda ulanylýan himikatlar, ýeriň-suwuň zäherlenmeginden ýaýraýan infeksion kesellerdi. Garaşsyzlyk döwründe garyplyk hem neşe belasy, medisinanyň hiliniň pese gaçmagy türkmen eneleriniňdir çagalarynyň esasy ýagysyna öwrüldi.
Azatlyk Radiosy: Eýse, edil häzir türkmen eneleriniň we çagalarynyň ýagdaýyny nähili dereje bilen deňäp bolar?
A.Welsapar: Ol näme bilen deňeýäniňe bagly. Eger SSSR döwründäki sosial gorag bilen deňeseň, onda türkmen eneleriniňdir çagalarynyň ýagdaýy öňküsinden erbet. Emma S.Nyýazowyň eden-etdilik döwri bilen deňeseň, onda birneme gowulaşdy.
Sebäbi Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen ýurtda ýene-de çagalara berilýän kömek pullary dikeldildi, medisina hyzmatynyň hili birneme gowulaşdy.
Emma bu meselede entek arkaýynlaşardan gaty ir. Ýurtda henizem çagalary aç-hor, olara möwsüme görä geýim-eşik, aýakgap satyn alyp bilmeýän maşgalalar örän kän. Döwlet eneligiňdir çagalygyň goragyny entegem zerur derejede üpjün edip bilenok.
Şonuň üçinem bu meseläni prezidentiň hut özi gözegçilikde saklasa gowy bolardy. Ol türkmen metbugatyna däl-de, lukman-prezident hökmünde türkmen maşgalalaryna sosial taýdan howandarlyk etmeli! Eger şeýtse, bu başlangyç türkmen prezidentine bütin dünýäde uly abraý getirerdi.