Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Harby gulluk baradaky täze kanun güýje girdi


Türkmenistanda 6-njy oktýabrdan başlap, «Harby borç we harby gulluk» baradaky täze kanun öz güýjüne girdi. Täze kanuna görä, Türkmenistanda 18 ýaşdan 27 ýaşa çenli bolan oglanlar hökmany harby gulluk etmeli.

Täze kanuna görä, Türkmenistanda harby gullugyň möhleti iki ýyl. Saglygy harby gullugyň talaplaryny kanagatlandyrmaýan ýigitler ýa-da beýleki bir döwletlerde harby gulluk borjuny ýerine ýetirenler, ylmy derejesi bolanlar harby borçlulykdan boşadylýarlar.

Öňküden tapawudy

Täze güýje giren kanunyň öňkülerden tapawudy barada ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle pikir bildirdi: «Täze kanunda öňler harby gulluk etmek 18 ýaşdan 30 ýaşa çenli bolan bolsa, häzir 27 ýaşa getirildi. Bu dünýä standartlaryna hem gabat gelýär».

Emma täze kabul edilen kanun entek kämilleşdirilmeli diýen pikirler öňe sürülýär. Sebäbi GDA ýurtlarynyň köpüsinde harby borç eýýäm iki ýyldan bir ýyla getirildi. Türkmenistanyň täze kanunda alternatiw gulluk barada gürrüň edilmeýär.

“Alternatiw gulluk goşunyň kämilliginde-de, goşunlarda korrupsiýanyň ýüze çykmazlygynda-da, goşunyň öz öňünde goýlan borjunyň hötdesinden gelmeginde-de uly rol oýnaýar. Eger alternatiw gulluga geçilmese, kämil goşun bolup bilmez» diýip, aşgabatly yazyjy Amanyrat Bugaýew aýdýar.

Türkmenistanda soňky döwürde harby goşuna, esgerleriň maddy-hal ýagdaýyna, olaryň harby taýýarlygyna köp üns berilýär. “Emma şeýle-de bolsa, goşuny dünýä standartlarynyň derejesine laýyk getirmek üçin täze kanuna goşmaçalar, özgerişler girizmeli bolar” diýip, ýazyjy Bugaýew nygtaýar.

Gyrgyzystan

Merkezi Aziýa döwletlerinden Gyrgyzystanda hökmany harby gullugyň möhleti bir ýyl. Ýurtda alternatiw gulluk hem bar. Gyrgyzystanda 12 müň som, ýagny 300-e golaý amerikan dollaryny tölap, bir aý gulluk etmäge rugsat berilýär.

Emma Gyrgyzystanyň milli goşunynda birnäçe ýyl gulluk eden synçy Togtogul Kakçekeýew şu mahala çenli Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynda ýa-da GDA bileleşiginden başga Gyrgyzystanyň harby goşunlarynyň ýekeje gezek hem harby türgenleşik geçirendigini bilemok diýýär.

Özbegistan

Türkmenistanyň goňşusy Özbegistanda respublikanyň harby borçlar barasynda ýörite kanuny bar. Şol kanuna görä, 18 ýaşy dolan erkek oglanlar harby gulluga çagyrylýarlar. Olar 18 ýaşdan 27 ýaşa çenli bolanlar. Olar bir ýyl gulluk etmeli.

Emma Özbegistanda kontrakt esasynda bir aý gulluk etmek mumkinçiligi-de bar. Bir aý gulluk edýänler 1 million 200 müň som, ýagny 500 amerikan dollary möçberinde pul töleýarler. Olar şol harby bölümlerde galyp, kontrakt esasynda işläp hem bilýärler.

«Öňler Özbegistanda gurluşyk bilen meşgul bolýan harby gulluklar bardy. Emma indi olara mätäçlik duýulmaýar. Şonuň üçin dünýäniň beýleki ösen döwletleri ýaly Özbegistan hem az sanly, emma professional harby goşun edinmek ýolundan barýar» diýip, özbek žurnalisti Abdurahman Taşanow aýdýar.

Beýleki goňşularda

Orsýetde harby gullugyň möhleti bir ýarym ýyl, alternatiw gulluk hem bar. Emma, Moskwanyň syýasy informasiýalar merkeziniň direktory Alekseý Muhiniň sözlerine görä, oňa höwes edýänleriň sany örän az, çünki olar keselhanalarda we beýleki hapa işlerde işlemäge mejbur edilýärler.

Alekseý Muhin Özbegistanda işçi güýjüniň örän köpdügini, emma Türkmenistanda ýaşlaryň sanynyň azdygyny, şonuň üçinem türkmen prezidentiniň ýurduň her bir raýatynyň harby türgenleşigi geçmegini talap edýändigini öňe sürýär.

Emma synçy Alekseý Muhin «Alternatiw gulluk demokratiýanyň alamaty. Emma Turkmenistan ondan uzakda» diýip, sözüni jemledi. Goňşy Gazagystanda-da harby gullugyň möhleti bir ýyl. Tajigistanda ol iki ýyl. Alternatiw gulluk hem ýok.
XS
SM
MD
LG