Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hazaryň kenarynda baýraklar gowşuryldy


8-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde ýurduň medeniýet we sungat işgärlerine hormatly atlary dakmak hakyndaky şahadatnamalaryň hem-de Türkmenistanyň prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Sylaglaryň gowşurylyş dabarasynda wise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowa Türkmenistanyň prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakyndaky permanyny we Türkmenistanyň prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakyndaky karary okady.

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Akja Nurberdiýewa bolsa ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekillerine degişli şahadatnamalary, şeýle hem her ýylky gözden geçirilişiň ýeňijilerine diplomlary we baýraklary gowşurdy.

Her ýylyň Garaşsyzlyk baýramçylygyna gabatlanyp geçirilýän şeýle mazmundaky dabarada ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň birnäçesine hormatly atlaryň, baýraklaryň gowşurylmagy indi adata öwrüldi. Özi hem medeniýet we sungat ussatlaryna dakylýan atlaryň we gowşurylýan baýraklaryň mukdar sany ýyl geldigiçe artmak bilen bolýar.

Soňky 3-4 ýylyň dowamynda hormatly atlaryň her ýyl topbaklap-topbaklap paýlanylmagy ilat arasynda şol hormatly atlaryň derejesine bolan gatnaşygyň pese düşmegine getirdi. Sebäbi bu gün «Türkmenistanyň halk artisti» hem-de «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen ady göterýän medeniýet we sungat ussatlarynyň sany ummadan geçýär. Ol atlara mynasyp bolanlaryň arasynda heniz sungat ýolunda känbir ýeterlik tejribe toplamaga ýetişmedikler hem bar.

Medeniýet we sungat ussatlary üçin baýramçylyga öwrülýän gün bolan bu hormatly atlaryň we baýraklaryň paýlanyşygy gününde Türkmenistanyň prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri-de üns merkezinde bolýar.

Maksat — ideologiýany wasp etmek

Gözel Şagulyýewa baýrak gowşurylýar
Aslynda bu baýragy on ýyl mundan ozal ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow döredipdi. Onuň ilkinji ady «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň «Türkmeniň Altyn asyry» bolupdy. S.Nyýazowyň aradan çykmagy bilen, bu baýragyň ady ilki «Türkmenistanyň prezidentiniň «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Altyn asyry» diýen at bilen, soňra bolsa «Türkmenistanyň prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» diýen at bilen çalşyryldy.
Baýragyň ady iki ýola üýtgedilse-de, onuň mazmuny şol öňküligine galdyryldy. Maksat — ideologiýany wasp etmek.

Saparmyrat Nyýazow bu baýragy döretmek bilen, täze müňýyllygyň öňüsyrasynda yglan eden «XXI asyr — türkmeniň Altyn asyry» diýen ideologiýasyny ýurduň döredijilik intelligensiýasyna wasp etdirmek isläpdi.

Nyýazowyň maksady aňryýany bilen amala aşdy diýlip ynanylýar. Prezidentiň yglan eden bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak üçin döredijilik işgärleri Nyýazowyň ideologiýasyny, şahsyýet kultuny görlüp-eşidilmedik derejede mahabatlandyrdylar. Emma Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykmagy bilen bu baýragyň abraýy düýbünden pese gaçdy.

Öz döwründe Saparmyrat Nyýazow döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary hut özi gowşurardy. Indi bolsa bu işi Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Akja Nurberdiýewa ýerine ýetirýär.

Bäsleşigiň ýeňijilerine gowşurylýan puluň mukdary-da juda azaldy. Saparmyrat Nyýazowyň döwründe baýraga mynasyp bolana 4-5 müň amerikan dollary gowşurylardy. Häzir bolsa ýeňijä 1 müň amerikan dollary gowşurylýar. 2000-nji ýylda ortaça aýlygyň bahasy 50 dollar, paýtagtda 4 otagly jaýyň bahasy bolsa 5 müň dolardy. Häzir ortaça aýlyk 250 dollar, paýtagtdaky 4 otagly jaýyň bahasy bolsa 80 müň amerikan dollaryna baryp ýetdi.

Şu zatlary hasaba alanyňda, bu bäsleşigiň abraýynyň nähili derejede pese düşürilendigine göz ýetirmek bolýar. Ýöne muňa garamazdan, bäsleşige gatnaşmaga höwes bildirýänleriň sany köpelmese azalanok.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG