Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetdäki saýlawlarda syýasy öçýän ruçkalar peýda boldy


Düýn Orsýetde-de regional saýlawlar geçirildi. Samara şäheriniň meriniň we şäher dumasyna deputatlaryň saýlawlarynda adaty däl bir ýagdaý boldy.

Şäher saýlaw komissiýasyna salgylanyp, “Interfaksyň” berýän maglumatyna görä, şäheriň Oktýabr etrabynyň alty saýlaw uçastogynda ses berilýän kabinalarda biraz wagtdan syýasy ýok bolup gidýän ruçkalar goýlupdyr.

Saýlawçylaryň biri býulleteniň bir ýüzüne bellik edip, ikinji tarapyna geçjek bolanda, ýaňyja eden ýazgysynyň eýýäm ýok bolandygyny görüpdir.

Häkimiýetiň ýerli organlaryna saýlawlar wagty başga-da ençeme düzgün bozmalaryň, hususan-da, saýlawçylary satyn almaga synanyşyklaryň bolandygyny Samaranyň içeri işler edarasynda habar berdiler.
XS
SM
MD
LG