Owganystanda 175 deputatlyga kandidat galplyklarda aýyplandy, olaryň ýigrimi bäşisi häzirki parlamentiň deputatlarydyr.
Saýlawçylaryň şakaýatlaryna seredýän garaşsyz komissiýa 18-nji sentýabrda geçirilen saýlawlarda düzgün bozmalar barasynda saýlawçylardan dört müň gowrak maglumatyň gowşandygyny habar berdi.
“Eger kandidatlaryň işleri boýunça gelen şol şikaýatlar tassyklansa, olaryň saýlawlarda alan sesleri güýçsüz yglan ediler, günäkärler bilen bagly derňew işleri geçiriler”-diýip, Komissiýanyň baştutany Ahmat Ziýa Rafaat atdy.
Owgan parlamentindäki 249 orun üçin 2,500 kandidat göreşdi.