Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň we Hytaýyň harby gatnaşyklarynda päsgelçilik bar


Pekin bilen Waşington arasynda goranmak boýunça gatnaşyklary ösdürmekde ABŞ-nyň Taýwana ýarag bermek plany ägirt uly päsgelçilik döredýär diýip, Hytaýyň goranmak ministri Lýan Guanle Pentagonyň baştutany Robert Geýts bilen Hanoýda duşuşandan soň Hytaýyň Goranmak ministrliginiň wekili aýtdy.

Gepleşikler Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň bileleşiginiň maslahatynyň arasynda geçirildi. Bu soňky sekiz aýda şunuň ýaly ilkinji duşuşykdyr.

Şu ýylyň başynda Hytaý häkimiýetleri Amerikanyň Taýwana ýarag bermek planyna protest hökmünde ABŞ bilen harby ugurdan gatnaşyklary kesipdi.
XS
SM
MD
LG