Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň şertlerini Palestin tarapy ret edýär


Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň ýewreý obalaryny gurmagy doňdurmagyň möhletini uzaltmak boýunça teklip eden şertlerini Palestin tarapy ret etdi.

Düýn Knessetde çykyş eden Netanýahu eger palestinalylar Ysraýyly ýewreý döwleti diýip ykrar etse, şol ýagdaýda Iordan derýasynyň günbatar kenarynda gurluşyklaryň ýene-de doňduryljakdygyny aýtdy.

Bu çykyşy kommentirlemek bilen ýokary derejeli palestin wekili Saýyp Erekat “Ýewreý döwletiniň häsiýetiniň palestin-ysraýyl göni gatnaşyklaryň kesilmek mümkinçiliginiň töweregindäki krizis bilen hiç hili umumylygy ýok” diýdi.

Eger sentýabryň ahyrynda möhleti dolan maratoriýa uzaldylmasa, ýaraşyk gepleşiklerini terk etjekdigini palestin tarapy aýdýar.
XS
SM
MD
LG