ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýts Aziýa-Ýuwaş Okeany regionyndaky ýurtlary territorial dawalardan saklanmaga çagyrdy. Bu barada ol Gündogar-Günbatar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň maslahatynda çykyş edip aýtdy.
Maslahata bu gurama girýän döwletleriň we hyzmatdaş döwletleriniň goranmak ministrleri gatnaşdy. Olaryň hatarynda ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Orsýet ýaly ýurtlaryň goranmak ministrleri bar.
Ýakynda Hytaýyň we Ýaponiýanyň arasynda dawaly territorial suwlarda saklanan hytaý gämisi bilen bagly dartgynly ýagdaý ýüze çykdy. Bu maslahat şol dartgynly ýagadaý biraz köşeşenden soň geçirilýär.