Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton iki günlük resmi iş saparynyň çäginde Kosowa bardy


Çarşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet sekretary Hillary Klinton iki günlük resmi iş saparynyň çäginde Kosowa bardy.

Klinton Priştinada prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji Jakup Krasniki we beýleki ýokary derejeli syýasy ýolbaşçylar bilen duşuşyk geçirdi.

Klinton sişenbe güni Belgradda geçiren duşuşygynda Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiça Kosowa bilen gyssagly gepleşiklere başlamagy maslahat berdi.

Klinton Bosnýada eden çykyşynda Bosnýanyň, Horwatiýanyň we Serbiýanyň prezidentlerini döwletde has oňaýly ylalaşygy döretmek ugrundaky tagallalary edip başlamaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG