Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda NATO-nyň missiýasy ýene bir ýyl uzaldyldy


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Owganystanda NATO tarapyndan baştutanlyk edilýän missiýany ýene bir ýyl - 2011-nji ýylyň oktýabryna çenli uzaltmak kararyny biragyzdan goldady.

Şonuň bilen birlikde Geňeşiň agzalary talyplaryň, “Al-Kaýdanyň” söweşijileriniň we beýleki ekstremistik toparlaryň barha ösýän aktiwligine alada bildirdiler.

Ýerli howpsuzlyk güýçleri we milli goşun üçin kadrlary taýýarlamakda owgan hökümetine daşary ýurt harbylarynyň kömeginiň möhümdigini nygtadylar.

Owganystandaky halkara güýçleriň hatarynda 143 müň adam bar.
XS
SM
MD
LG