Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şu gün Daşoguzda Dostluk festiwaly açyldy


Şu gün Daşoguzda türkmen we özbek halklarynyň Dostluk festiwaly öz işine başlady.

Köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan iki halkyň ysnyşykly gatnaşyklary Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda netijeli özara gatnaşyklar üçin möhüm faktordyr.

G.Berdimuhamedow tarapyndan teklip edilen şu gezekki festiwal özbek tarapynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Festiwalyň programmasy halk döredijiliginiň, häzirki zaman sungatynyň köp ugurlaryny öz içine alýar.

TDH gullugynyň teswirlemesinde Türkmenistanyň lideriniň alyp barýan “açyk gapylar syýasaty” iki goňşy ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze basgançaga çykardy diýilýär.

Festiwalyň myhmanlary Köneürgenjiň taryhy-medeni zapowednigine baryp görerler, ýurduň ähli welaýatlaryndan gelen wekiller özbegistanly myhmanlara türkmen toýuny, türkmen myhmanparazalygyny görkezer.
XS
SM
MD
LG