Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Lissabonda geçiriljek NATO-nyň sammitine gatnaşar


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew 19-20-nji noýabrda Lissabonda geçiriljek NATO-nyň sammitine gatnaşjakdygyny aýtdy.

“Meniň pikirimçe, bu taraplaryň ylalaşyga gelmegine ýardam eder. Şeýle hem NATO-nyň we Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklar ösdürer” diýip, Medwedew belledi.

Prezident Medwedew bu çykyşyny Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozy, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen Fransiýanyň demirgazyndaky şäherde geçirilen üç taraplaýyn gepleşiklerde etdi.

Portugalýanyň paýtagty Lissabonda geçiriljek NATO-nyň duşuşygynyň esasy temasy howpsuzlyk meselesi bolar.
XS
SM
MD
LG