Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistanyň Karaçi şäherinde 23 adam heläk boldy


Päkistanyň iň uly şäheri Karaçide etnik esasda bolan çaknyşyklarda 23 adam heläk boldy, onlarçasy ýaralandy diýip, düýn ýerli polisiýa habar berdi.

Şäher bazarlarynyň birinde näbelli adamlaryň motosikletli topary awtomatdan bazardakylary oka tutdy.

Karaçide dürli etnik toparlara arka direýän iki partiýanyň garşydurmalary bilen bagly ýaragly hüjümleriň, adam ogurlamalaryň bolandygy öň habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG