Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň prezidenti pensiýa reformasyna aýak direýär


“Ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň esasy kärhanalarynda iş taşlaýşyň dowam etdirilmegi fransuz ykdysadyýetiniň ysmaz bolmagyna getirmegi, özünden soň uzak wagtlyk ýaramaz netijeler galdyrmagy mümkin” diýip, Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozy aýtdy.

Köpçülikleýin protestlere garamazdan, pensiýa ýaşyny iki ýyl artdyrmak baradaky planyndan hökümetiň el çekmejekdigini ýene-de gaýtalady.

Protestçiler ýangyç saklanýan ýerleriň daşyny gabaýarlar, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň işine hem ýurda gaz akdyrylmagyna päsgelçilikler döredýärler.

Uly möçberdäki energetik krizisden gaçmak üçin Fransiýanyň elektrik energiýasyny daşary ýurtlardan satyn almaga mejbur bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG