Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet 60 milliard dollarlyk hususylyşma planlaşdyrýar


Ors hökümeti ýurtda “Rosneft'” ýaly iri nebit kompaniýalary, kärhanalary hususylaşdyrmagyň bäş ýyllyk planyny taýýarlady. Onuň umumy bahasy 60 milliard dollardyr.

Hökümetiň başlygynyň birinji orunbasary Igor Şuwalowyň sözlerine görä, indi plan prezident Dmitriý Medwedewiň makullamagyna garaşýar.

Plana laýyklykda döwlet iň uly kompaniýa “Rosneftiň” aksiýalarynyň 15%-ni satmakçy. Şeýle firmalaryň arasynda Orsýetiň daşary söwda banky, Süýşürintgiler banky, Orsýet demir ýollary bar. Şu sanawa “Aeroflotuňam” girmegi hem mümkin.
XS
SM
MD
LG