Hytaýa iş sapary bilen baran Birleşen Ştatlaryň resmisi Erik Holderiň aýtmagyna görä, Hytaýyň prezidenti Hu Sintao geljek ýylyň ýanwar aýynda ABŞ-a sapar eder.
Bu sapar iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary gowulaşdyrmak ugrunda möhüm ädim bolar.
Holder Hytaýyň resmileri bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda Nobel baýragynyň eýesi Liu Şiabony tussaglykdan boşatmak meselesini hem gozgady.
Hytaý Liu Şiabo Nobel baýragynyň berilmegini ýurduň içerki syýasatyna goşulmak hökmünde kabul edýär.
Şiabo baradaky düşünişmezlikleriň iki ýurduň gatnaşyklaryna oňaýsyz täsirini ýetirmeli däldigini Holder aýtdy.