Soňky günler Gatiniň demirgazygynda mergi keseliniň ýaýramagy netijesinde 135 adam heläk boldy, ýene bir ýarym müň adama onuň wirusy ýokaşdy.
Etrap keselhanalarynda ýer ýokdugyny, olaryň nähoşlardan hyryn-dykyndygyny Frans-press agentligi habar berýär.
Gatiniň paýtagty Port-o-Prensede heniz mergi bilen kesellän adam hasaba alynmady, ýöne şäheriň çadyrly lagerlerine infeksiýanyň ýaýramagyndan häkimiýetler alada edýärler.
Şu ýylyň ýanwar aýynda bolan aýylganç ýer titremeden soň gaitilileriň köpüsi çadyrlarda ýaşamaga mejbur boldy. Şonda 230 müň adam ölüp, bir ýarym million gowragy ýaralanypdy.

Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.