Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsyetiň prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew öten agşam iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu onuň Türkmenistana dördünji saparydyr.

Ony Türkmenbaşy aeroportunda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady, ilkinji gepleşikler aeroportda geçirildi diýip, TDH gullugy ýazýar.

Ors delegasiýasynyň düzüminde daşary işler ministri Sergeý Lawrow, prezidentiň kömekçisi Sergeý Prihodko we wise-premýer Igor Seçin dagy bar.

Iki prezidentiň gepleşikleri şu gün “Awaza” turistik zolagynda geçirilýär.

Ýokary derejeli gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerine, şol sanda ýangyç-energetika, oba hojalygy, transport we aragatnaşyk pudaklarynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk meselelerine serediler.

ITAR-TASS-yň maglumatyna görä, GDA-nyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklar meseleleri maslahat ediler, juda akual regional we halkara problemalary, şol sanda Owganystandaky we Merkezi Aziýa regionyndaky ýagdaýlar barada pikir alşylar.

Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge iň amatly mümkinçilikleriň hem perspektiwalaryň bardygyny TDH gullugy belleýär.
XS
SM
MD
LG