Azatlyk Radiosyndan Hudaýberdi Hally Gyrgyzystanyň Medeniýetde at gazanan işgäri, belli žurnalist hem saz ugrundan bilermen, bu ugurdan birnäçe kitabyň awtory Balbaý Alaguşow bilen gürrüňdeş boldy. Balbaý aga türkmen sazlaryny söýýär hem ol sazlary döredenleriň ençemesini tanaýar.
H.Hally: Balbaý aga, sizdäki türkmen saz sungatyna bolan söýgi nämeden başlandy?
B. Alaguşow: Türkmen muzykasyny meniň söýüp başlamagymyň sebäbi – biziň dinimiz bir, dilimiz bir, medeniýetimiz bir bolany üçin. Men türkmen, özbek, gazak saz sungatyndan daşgary, türki dünýä degişli hakas, altaý, tuba illeriniň sazlaryny hem gyrgyz sazlary bilen meňzeş görüp söýdüm. Şol sebäpli meniň türkmen sazlaryna-da söýgim artdy.
Türkmen sazlaryny 1925-26-njy ýyllarda Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý, Wiktor Mihaýlowiç Belýaýew öwrenip, “Turkmenskaýa muzyka” diýen iki tomluk kitap ýazypdylar. Gyrgyzlaryňkyny bolsa Aleksandr Wiktorewiz Zataýewiç 1928-nji ýylda öwrenip, halk aýdym-sazlaryndan 250 ýazgy edip, nota geçiripdi. Ondan öňinçä, 1925-nji ýylda Aleksandr Wiktorewiz Zataýewiç gazaklaryň müň sazyny we 500 aýdymyny ýazyp öwrenipdir.
Men Türkmenistanyň Kompozitorlar soýuzynyň gurultaýlary, plenumlary bolanda, komandirowka baranymda, türkmenleriň arasynda bolup, türkmen bagşylaryny, olaryň dutar çalyşlaryny diňledim. Şonuň bilen birlikde professional saz sungatynyň gazananlary bilen tanşyp, gyrgyzyň sazlary bilen nähili meňzeşlikleriniň bardygyny öwrendim. Sebäbi gyrgyzlarda-da, türkmenlerde-de nota bolmandyr. Onsoň “Gyrgyz, gazak, türkmen, özbek sazlarynda nähili meňzeşlikler bar? Bularyň düýbi bir, dünýäsi bir bolany bilen, sazlarynda-da meňzeşlikler barmy?” diýip, oýlandym.
H.Hally: Balbaý aga, siz Aşgabatda haçan bolduňyz?
B. Alaguşow: Bolupdym öňräk. SSSR döwründe Aşgabatda bolupdym.
H.Hally: Balbaý aga, siz Türkmenistanyň professional sungat işgärlerinden kimleri tanaýaňyz?
B. Alaguşow: Meniň bilýänlerimden, türkmenlerden Weli Muhadowy görüp galdym. Ondan soň Çary Nurymowy gördüm, özüň bilýäň, ol gyrgyzlar üçin “Dirilik” diýen baleti ýazypdy. Ondan başga-da ençeme aýdymlary ýazypdy. Türkmen kompozitorlary Moskwa baranlarynda, şol ýerde duşuşypdyk. Sebäbi Gyrgyzystanda-da, Türkmenistanda-da 1939-njy ýylda Kompozitorlar soýuzy döredilipdi. Şonda, meselem, türkmen professional saz sungatynyň başynda Weli Muhadow, Gyrgyzystanda Abdylas Moldybaýew, gazaklarda bolsa Muhan Tülebaýew bolupdy. Men Tülebaýewi görmedim. Çary Nurymow Gyrgyzystanda biresellem ýaşady. Özi ýagşy adamdy, örän talantlydy. Kompozitorlar soýuzynyň üýşmeleňleri bolanda, habarlaşar durardyk. Indi 19 ýyldan bäri habarlaşyp bilemzok.
H.Hally: Türkmenlerden başga kimleri tanaýaňyz?
B. Alaguşow: Olardan başga Kulyýewi görüp galdym. Ondan daşgary-da olar biziň gurultaýlarymyza gelerdiler. Dogrusyny aýdanyňda, olar professionallyk sungatyny beýige göterdiler. Häzir bolsa bilmedim Türkmenistanda nähili.
Gyrgyzystanda globalizasiýanyň täziri bilen biziň halk sazlarymyz, dilimiz ýitip, zaýalanyp galdy. Sebäbi halk sazlaryny ikinji plana geçirdik. Telewideniýe dagy rus dilinde gidýär, häzirki ýaşlaryň dili orsça. Häzirki ýaşlaryň eşidýäni estrada, rok, pop aýdym-sazlary bolup galdy. Gyrzgyzyň halk sazlary düýpden ýatdan çykaryldy diýse boljak. Meselem, Özbegistanda hem özbekleriň ýaşaýan ýerlerinde özbekleriň halk sazlary çaýhanada, kafede, restoranda çalynýar. Emma Gyrgyzystanda dym-dyrslyk. Kafelerde, restoranlarda bolsa Günbataryň sazlary, estrada, rok, pop sazlary ýaňlanýar.
H.Hally: Balbaý aga, ol köp halatda Türkmenistanda-da şeýle. Aýratynam türk aýdym-sazlaryna ýykgyn edýärler.
B. Alaguşow: Bilmedim. Häzir fonogramma diýen bir düzgün çykdy. Ine, şony goýberýäler, Günbatarly: amerikanmy, iňlismi, nemeslerdenmi, indi şolaryň sazlary, şolaryň aýdymlary berilýär. Aýdýasam, ýazýasam… gulak asýan ýok. Eger öz iliň halk sazlary bolmasa, dili bolmasa, il ýok bolar-da. Ýaşlar biziň klassyk kompozitorlarymyzy bilmeýärler. Meselem, bizde ady belli, döwlet baýragynyň laureaty Tügölbaý Sydykbekow kim diýseň, bilmeýärler. Häzir Çingiz Aýtmatowy-da bilmeýärler. Häzirki ýaşlar nirä barýarlar? Çingiz diýseler – gyrgyzy, gyrgyz diýselerem Çingizi bilýän diýip, döşümize urup ýördük. Emma häzirki ýaşlaryň ruhy dünýäsi tap-takyr boşap galdy. Name etjegiňi bileňok.
H.Hally: Siziň özüňizde hereket ýokmy?
B. Alaguşow: Ýalňyz özüm gygyryp, ýazyp, aýdyp durun, biri üns berenok. Türkmenistanda sungat muzeýi bardy. Gyrgyzystanda sungat muzeýi ýok. Filarmoniýanyň alnynda “Pekin” diýen restoran bar. “Hytaýda “Gyrgyzystan” diýen restoran barmy?” diýip, näçe ýola aýtdyk, Muny halk şahyrlarynyň muzeýi edeliň diýdik. Milli duýgy ýok. Dürli bahanalar bilen baş galdyrmadylar. Men gyrgyz bolanyma özüm gaty düýpden ökünýän. Sebäbi biziň raýatlarymyzyň bary gyrlyp barýar.
H.Hally: Balbaý aga, näme üçin beýle bolýar?
B. Alaguşow: Häzirki bu musulman halky dünýewileşmäge, häzirki zamana bolmajak eken. Bolelinlik bize ýakmajak ekeni. Gyrgyzlar, türkmenleri bilmedim, ýaman günler geçensoň, ýagşylygy çalt unutjak ekenik.
H.Hally: Balbaý aga, halk senedini diklemek üçin näme işler etmeli?
B. Alaguşow: Birinjiden, meniň pikirimçe, halk sazlaryny götermek üçin, her bir obada iş alyp barmaly. Medeniýet öýleri, klublar işlemeli. Fonogrammalary, bize ýat bolan aýdym-sazlary bes etmek gerek. Ikinjiden, halk sazlaryny, professional sazlary, klassyklary halka ýetirmek gerek. Meselem, Gyrgyzystanda 5-7-nji we 8-nji klaslary üçin 19 ýyldan bäri ýekeje-de okuw kitaby çykanok. Şonuň üçin häzir ýaşlaryň okaýan okuwy başga, olaryň barýan ugurlary başga. Bu barada Bilim ministrligine näçe hat ýazdyk. Olar bolsa “pul ýok, pul ýok” diýip, jogap berýärler. Diýmek, bu işi janlandyrmak üçin, hökümetiň aladasy gerek. Gerek bolsa deputatlaryň bu ugurdan kanun çykarmaklary zerur. Türkmen sazlarynyň taryhyny, teatrynyň taryhyny, filarmoniýasynyň taryhyny ýazmak, kitap etmek gerek. Türkmen sazlarynyň ensiklopediýasyny çykarmaly. Hökümetiň bu işleri goldamagy gerek. Her bir gyrgyz bolan, türkmen bolan özüniň ýurdunyň medeniýetini gözüniň göreji ýaly gorap saklamak üçin, patriot bolmaly.