Penşenbe güni Ýewropa Geňeşi Orsýeti regionlaryň gubernatorlaryny saýlawlar arkaly saýlamak düzgünini ýola goýmaklyga hem-de şäherleriň merleri baradaky kanunçylygy täzelemeklige çagyrdy.
Hususan-da, Ýewropa Geňeşiniň bu barada ýaýradan resmi beýanatynda Orsýetde ýerli häkimiýetleriň üstünden döwletiň saklap gelýän çakdanaşa uly kontrollygynyň aradan aýrylmalydygy nygtalypdyr.
Bu wakadan birneme öň, ýakynda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Moskwanyň meri Ýuriý Lužkowy wezipesinden boşadypdy. Onuň ornuna bolsa Sergeý Sobýanin bellenildi.