Prezident Dmitriý Medwedew Kuril adalaryna sapar etdi. Ol Ýaponiýanyň özümiňki diýýän adalarynyň birine baryp gören ilkinji rus lideridir.
Medwedewiň Kuşanir adasyna sapary onuň Ýaponiýada noýabryň ortalaryna geçjek Aziýa – Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlyk sammitine gatnaşmagynyň öň ýanlaryna gabat geldi. Ýaponiýanyň premýer-ministri Naota Kan Medwedewiň bu sapary bolmadyk bolsa gowy bolardy diýdi.
Ýaponiýanyň daşary işler ministri Seýji Maehara bu sapar sebäpli Orsýetiň ilçisi Mihail Belyý bilen gürleşdi.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ýaponiýanyň reaksiýasy kabul ederliksiz diýdi.
Sowet soýuzy bu dört adany Ikinji jahan urşunyň soňunda basyp alypdy. Şondan bäri dowam edýän territorial dawa Moskwa bilen Tokionyň arasynda formal parahatçylyk şertnamasyna gol çekilmegine päsgel berip gelýär.