Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakuwda Türkmenistanyň medeni günleri açyldy


Penşenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda Türkmenistanyň medeni günleri açyldy.

Bu çäre iki ýurduň prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ylham Aliýewiň inisatiwasy boýunça geçirilýär diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Medeni günleriň dowamynda Türkmenistanyň aýdym-saz ussatlarynyň konsertleri, türkmen muzeýleriniň eksponatlary we türkmen režissýorlarynyň kinolary Azerbaýjanyň halkyna hödürlener.

Türkmenistanyň Bakuwdaky medeni günleri 7-nji noýabra çenli dowam eder.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda hem Azerbaýjanyň medeni günleri eçirilipdi.
XS
SM
MD
LG