Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Olimpiýa» şäherçesiniň düýbi tutuldy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Olimpiýa» şäherçesiniň düýbüni tutuş dabarasynda, 5-nji noýabr.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Olimpiýa» şäherçesiniň düýbüni tutuş dabarasynda, 5-nji noýabr.

5-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagt Aşgabatda «Olimpiýa» şäherçesiniň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy.

Merkezi Aziýada iň bir uly sport desgasyna öwrülmeli «Olimpiýa» şäherçesiniň birinji tapgyrynda 30-a golaý desgalary gurmaklyk göz öňünde tutulýar. Olaryň içinde on müň orunlyk «Buzda hokkeý oýny boýunça sport köşgi», her biri bäş müň orunlyk suw toplumy we ýapyk welotrek, 3 müň orunlyk tennis korty bina ediler.

Bahasy 2 milliard amerikan dollaryna barabar bolan bu proýektiň taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň prezidentiniň gatnaşmagynda 2008-nji ýylyň oktýabrynda paýtagtyň Olimpiýa stadionynda geçirilipdi. Şonda bu taslama 2009-njy ýylda başlamak göz öňünde tutulypdy. Emma maliýe meseleler sebäpli onuň gurluşygy bir ýyl yza süýşürildi.

Şu ýylyň 3-nji sentýabrynda ýurduň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde G.Berdimuhamedow «Olimpiýa» şäherçesiniň birinji tapgyrynyň taslamasyny düzmek hem-de ony daş-töweregini abadanlaşdyryp ulanmaga doly taýýar edip gurmak şertinde «Polimeks» türk kompaniýasy bilen umumy bahasy 1 milliard 970 million 882 müň amerikan dollary bolan şertnamany baglaşmaga ygtyýar berip, degişli karara gol çekipdi.

Aýlyk pes, kadr az

Täze dörejek «Olimpiýa» şäherçesi, türkmen resmileriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda halkara derejesinde sport çärelerini geçirmäge we ýurtda sporty hem-de bedenterbiýäni ösdürmäge uly itergi bermeli.

Emma Türkmenistanyň soňky ýyllarda sport desgalaryny gurmak boýunça ummasyz çykdajylary edýändigine garamazdan, ýurtda sportuň derejesi islenilişi ýaly ýokary galyberenok. Muňa mysal edip, 2008-nji ýylda Pekinde geçen tomusky olimpiýa oýunlarynda, şeýle hem 2010-njy ýylda Wankuwerde geçen gyşky olimpiýa oýunlarynda türkmen sportsmenleriniň şowsuz çykyşlary subut bolýar.

Türkmen sportsmenleriniň halkara derejesindäki ýaryşlarda şowsuz çykyşlary türgenleri taýýarlaýan kadrlaryň ýetmezçiligi hem-de sportsmenleriň aýlyk haklarynyň ujypsyzlygy bilen düşündirilýär.

Täze desgalar özüni ödärmikä?

Islendik maýa goýlan desganyň öz-özüni ödemekligi zerur şertleriň biri bolup durýar. Ýöne täze guruljak «Olimpiýa» şäherçesiniň özüne siňdirilen ägirt puly nä derejede ödäp biljekdigi köpleri oýlandyrýar.

Ägirt uly sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berlenden soň, olary diňe saklamak üçin hem ummasyz çykdajylaryň gerekdigini nazara alsaň, onda «Olimpiýa» şäherçesini saklamak üçin ýene ýurduň býujetine uly agram salnar diýlip, çak edilýär.

Aşgabat şäherinde soňky ýyllarda gurlan sport desgalarynyň arasynda Buzly Köşk, Sportuň suw görnüşleri merkezi, Olimpiýa sport toplumy we durky täzelenen “Köpetdag” stadiony bar. Emma bu desgalardan doly derejede peýdalanylmaýar we olar köplenç halatda medeni we baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ulanylýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG