Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Qantas”: gondurylan uçaryň motorlaryndan ýag dökülipdir


Awstraliýanyň “Qantas” howa gullugynyň resmisiniň berýän maglumatyna görä, ýakynda adatdan daşary ýagdaýda gondurylan “Airbus A380” uçarynda geçirlen derňewler netijesinde uçaryň üç motorynda ýag akandygy belli boldy.

“Qantas” howa gullugynyň başlygy Alan Joýs bu barada şeýle diýdi: “Uçaryň üç motorynyň turbinasynda ýagyň dökülendigi belli boldy. Biz nobatdaky derňewleri geçirmek üçin şol motorlary uçardan aýyrdyk. Airbus A380 kysymly uçarlar ýene 72 sagatlap uçmaz”.

Bu uçar tehniki näsazlyk sebäpli 4-nji noýabrda adatdan daşary ýagdaýda Singapurda gondurylypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG