Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň paýtagty Bagdatda hristianlara garşy hüjüm edildi


Şu gün Bagdatda hristianlara garşy amala aşyrylan partlamalarda we ot açmalarda azyndan 3 adamyň ölendigi we 20 adamyň ýaralanandygy habar berildi.

Bu hüjüm Bagdatdaky katolik kelisesinde zamun alnyşyk bilen bagly bolan ganly wakadan 10 gün soňra ýüz berdi. Şol kelisede bolan hüjümleriň jokapkärçiligini Al-Kaýda degişli ýaragly hüjümçiler öz üstlerine alypdylar.

Berilýän maglumatlara görä, 2003-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň goşuny Yraga girmezinden ozal ýurtda 800 müň çemesi hristian raýaty ýaşaýardy. Häzirki wagt dowam edýän hüjümler netijesinde ýurtdaky hristianlaryň sanynyň azalyp, 500 müňe golaýlandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG