Habar agentlikleriniň maglumatynda yrakly sýyasatçylaryň hökümeti düzmek barada 8 aýdan bäri dowam edýän ylalaşmazlygyň soňuna golaýlaşandyklary aýdylýar.
Häkimiýet başyna geşjek täze hökümetde Nuri Al Mälikiniň häzirki premýer-ministrlik wezipesini dowam etdirmegine garaşylýar.
Mart aýynda geçirilen parlament saýlawlarynda öz Al-Irakiýa syýasy blogunyň sesleriň aglaba köpüsine eýe bolandygyna garamazdan, öňki premýer-ministr Iýad Allawi hökümet düzmegi başarmady.
Täze hökümete Nuri Al Mälikiniň ýolbaşçylyk etjekdigine garamazdan, Iýad Allawiniň ýolbaşçylyk edýän Al-Irakiýa partiýasyna hem parlamentiň ýolbaşçylygy wezipesiniň beriljekdigi barada ylalaşyga gelnendigi aýdylýar.
Bu baradaky maglumatlar tassyklanan halatynda, Al-Irakiýa syýasy blogy kürtler bilen bir hatarda Mälikiniň ýolbaşçylygyndaky hökümete goşular. 325-orundan ybarat Yragyň parlamenti bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin şu gün maslahata ýygnanar diýlip garaşylýar.

Diysen yerlikli bellap geçilen sozler. Sagbolun.