Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýagşylykda ýatlanjak ogullaryň biri


Nedirbaý Aýtakowyň ogly Eduard Aýtakow oktýabr aýyny öz maşgalalary üçin iň gara aýlaryň biri hasaplaýar.


Bu ýöne ýerden däl… Eduard Aýtakowyň ekiztaý dogany, rak keselleri boýunça belli spesialist, medisina ylymlarynyň doktory, professor Zelili Nedirbaýewiç Aýtakow ýakynda, 29-njy oktýabrda 80 ýaşynyň içinde uzaga çeken keselden soň Moskwada aradan çykdy.

Aýtakowlaryň maşgalasy üçin oktýabr aýynyň «gara» aý bolmagy munuň bilen hem çäklenmeýär. Eduard bilen Zeliliniň kakasy Nedirbaý Aýtakow hem oktýabr aýynda dünýeden ötüpdi. Has dogrusy, Türkmenistanyň Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygy, häzirki türkmen döwletiniň düýbüni tutujylaryň biri Gaýgysyz Atabaýewiň ýakyn egindeşi Nedirbaý Aýtakow 1938-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Stalin repressiýasynda atylyp öldürilipdi.

Oktýabryň ajy ýatlamasy munuň bilen hem caklenmeýär... 1974-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Eduard bilen Zeliliniň ejesi Mariýa Iosifowna Aýtakowa Uzak Gündogarda, Wladiwastok şäherinde aradan çykypdy.

Eduard bilen Zeliliniň kakasy, 1894-nji ýylda Zakaspiý oblastynyň Mangyşlak uýezdinde balykçy maşgalasynda doglan Nedirbaý Aýtakow Türkmenistan SSR-niň Merkezi Ispolnitel Komitetiniň ilkinji başlygy hökmünde taryha giren şahsyýet.

Nedirbaý Aýtakow öz döwründe Türkistan ASSR-niň Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkistan ASSR-niň Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygy, TSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygy we SSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işläpdi.

Ýeňil bolmadyk taryh…

Eduard Aýtakowyň aýtmagyna görä, Aýtakowlaryň dogan-garyndaşlary häzirki wagt Türkmenistanyň Baýramaly etrabynda, Aşgabatda, Balkan welaýatynda we Mangyşlakda ýaşaýarlar.

Ekiztaý doganlar Zelili bilen Eduard 1931-nji ýylyň 7-nji aprelinde dünýa inipdiler. Olar 6 ýaşyndaka gazaply 1937-nji ýylyň 22-nji iýlynda olaryň kakasy, sol wagtky Türkmenistan SSR-niň Merkezi Ilpolnitel Komitetiniň başlygy Nedirbaý Aýtakow tussag edilip, ol Staliniň režimi tarapyndan 3 aýdan soň hem atylyp öldürilýär.

Zelili bilen Eduard Aýtakowlar 1937-nji ýylda tussag edilen ejeleri, käri boýunça wraç Mariýa Iosifowna Aýtakowanyň sürgünlik edilen ýeri bolan Gazagystanyň Garaganda oblastynda 1945-50-nji ýyllar aralygynda ýaşap, şol ýerde-de orta mektebi tamamlaýarlar.

Öz adamsyny halk duşmany hökmünde resmi ýagdaýda ýazgarmakdan ýüz öwren we tüssaglykda oturmaga kaýyl bolan Mariýa Iosifowna Aýtakowa Staliniň repressiýasyna uçran beýleki millionlarça adamlar bilen bir hatarda, diktatoryň ölüminden soň azatlyga göýberilýär.

Öz ömrünuň aglaba bölegini Orýetde ýaşap geciren Zelili Aýtakow diri wagty Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özüniň Türkmenistanyň tebigatyny, medeniýetini we adamlaryny küýseýändigini nygtapdy. Ol öz çagalary we agtyklary bilen Türkmenistana eden saparlaryndan alan täsirleri barada-da Azatlyk Radiosyna höwes bilen gürrüň beripdi.

Öz ejesiniň lukmançylyk kärini saýlap alan Zelili Aýtakow köp ýyllaryň dowamynda Moskwanyň keselhanalarynda onkologiýa boýunça ökde spesialistleriň biri hökmünde iş alyp barypdy.
XS
SM
MD
LG