Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň prezidenti Türkmenistanda


Türkmen prezidenti G.Berdmuhamedow türkiýeli kärdeşi Abdylla Gül bilen duşuşýar, 11-nji noýabr, Türkmenbaşy şäheri.
Türkmen prezidenti G.Berdmuhamedow türkiýeli kärdeşi Abdylla Gül bilen duşuşýar, 11-nji noýabr, Türkmenbaşy şäheri.

11-nji noýabrda Türkiýe Respublikasynyň prezidenti Abdylla Gülüň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy.


2008-nji ýyldan bäri ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk komissiýasy işläp gelýär. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 2010-njy ýylyň 9 aýynyň dowamynda 62,9 % ösdi diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Türkmenistan Türkiýä esasan tekstil, ýangyç-energetika, himiýa we oba-hojalyk önümlerini eksport edýär. Türkiýe öz gezeginde Türkmenistana metal we metal önümlerini, gurluşyk materiallaryny, elektrotehnika, himiýa we ýeňil senagat önümlerini, däri-dermanlary eksport edýär.

Şu ýylyň iýul aýynda Türkiýe Respublikasynyň Deňiz meseleleri we gämi gurluşy sektory boýunça müdirliginiň wekilçilikli delegasiýasy hem Türkmenistanda saparda bolupdy.

Şol saparyň barşynda türkiýeli myhmanlar bu ugurda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ulgamdaky taslamalary durmuşa geçirmäge meýillidiklerini mälim edipdiler.

2011-nji ýylda bolsa Türkiýe Respublikasy Türkmenistanda Milli söwda öýüni açmagy planlaşdyrýar.

Maýyllaşma alamatlary

Türkmen prezidenti G.Berdmuhamedow türkiýeli kärdeşi Abdylla Gül bilen, 11-nji noýabr, Türkmenbaşy şäheri.
Türkiýedäki Gazy uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary bölüminiň professory, doktor Mehmet Seýfuddin Erol prezident Abdylla Gülüň Türkmenistana saparynyň S.Nyýazowyň döwründen soňky ikitaraplaýyn gatnaşyklarda gazanylan üstünlikleriň özboluşly netijesidgini aýdyar.

"Türkmenbaşy döwründe bu gatnaşyklar bir aşak düşüp, bir ýokary galyp, üýtgedi durdy. Sebäbi Türkmenistan-Eýran-Türkiýe gaz geçirijisi boýunça Türkiýäniň başga ýoly saýlamagy Türkmenbaşa urlan zarba bolupdy. Mundan başga-da, 2002-nji ýyldaky prezidentiň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän wakalarda Türkiýe Nyýazowyň syýasatyny goldamady. Şondan soňra türkmen-türk gatnaşyklary ýaramazlaşypdy" diyip, Mehmet Seýfuddin Erol belleýär.

S.Nyýazow döwründe ýüze çykan bu ýagdaý Türkmenistanda iş alyp barýan türk şirketlerine we türkmen-türk gatnaşyklaryna oňyn täsir etmändi. Emma ýurduň başyna G.Berdimuhamedowyň gelmegi bilen, belli bir derejede täzeçe daşary syýasat ýöredilip başlandy.

“Nabukko”

Türkiýeli bilermen Mehmet Seýfuddin Erol Türkmenistan üçin möhüm hasaplanýan “Nabukko” proýekti we Hazar deňzi bilen baglanyşykly Azerbaýjan bilen aradaky käbir dawalarda Türkiýe araçylyň roluny oýnap, oňyn çözgütlere yardam edip biler diýip hasaplaýar.

Nyýazow döwründe Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi bolup işlän Nurmuhammet Hanamow bu iki ýurduň arasynda gowy gatnaşyklaryň bolmalydygyny, munuň üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny öňe sürýär.

"S.Nyýazowyň döwründe bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyk korrupsiýa öwrüldi. Nyýazowyň göwnünden turýan Türkiýäniň şirketlerine Türkmenistana barmaga ýol açyldy. Resmi gatnaşyklaryň ýoly bolsa kesildi. Türkiýäniň parlamenti Türkmenistanyň parlamenti bilen aragatnaşygy sazlajak bolup kän synanyşdy. Emma Türkmenistan bu ýoldan gitmedi" diýip, N.Hanamow belleýär.

Öňki diplomat N.Hanamow häzirki wagt Türkmenistan bilen Türkiýäniň hyzmatdaşlyklarynyň resmi derejede has ýokary göterilmeginde "Nabukko" proýektiniň hem uly rol oýnap biljekdigini aýdýar. Ol Türkiýäniň bu meselede uly bähbidiniň bardygyny hem nygtaýar.

"Türkiýäniň territoriýasyndan geçjek turba ep-esli uzynlykda bolar. Onuň üçin tranzit tölegini tölemeli bolar. Şeýle-de Türkiýe Ýewropa Bileleşigine girmek uçin hereket edýär. Eger-de Türkiýe bu proýekti ugrukdyryp bilse, onuň üçin Bileleşige agzalyk meselesinde-de örän bähbitli bolar" diýip, öňki ilçi N.Hanamow çak edýär.

Bilim gatnaşyklary

Soňky döwürde Türkmenistanda türkmen-türk mekdeplerinde we Türkiýäniň uniwersitetlerinde okamaga höwesek çagalaryň we ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny görmek bolýar. Emma Türkiýäniň ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ylymly-bilimli ýaşlaryň Türkmenistanda iş tapyp bilmän kösenýändikleri barada-da maglumatlar bar.

N.Hanamow Türkiýede ilçi bolup işlän döwründe hem şeýle problemalar bilen ýübe-ýüz bolandygyny ýatlaýar: "Meni Türkiýäniň Daşary işler ministrligine çagyrdylar we Türkiýäniň ýokary okuw jaýlaryny tamamlan türkmenistanly ýaşlaryň öňünde uly kynçylyklaryň döredilýändigi barada özlerinde maglumatlaryň bardygyny we munuň özlerine gaty agyr degýändigini aýtdylar".

N.Hanamowyň aýtmagyna görä, şol wagtlar türkiýeli resmiler “biz şunça pul töläp, siziň çagalaryňyzy okadýarys, olar gaýdyp baranlarynda bolsa, olar siziň döwletiňize gerek däl bolup çykýarlar” diýip, ýagdaýa nägilelik bildiripdirler.

"Türkmenistan üçin näçe okuwçy ibermelidigi möhüm. Olary iş bilen üpjün etmek, olaryň geljekki perspektiwalary henizem hiç kimi gyzyklandyrmaýar" diýip, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky öňki ilçisi N.Hanamow aýdýar.

Türkiýeli bilermen doktor Mehmet Seýfuddin Erol hem türk mekdeplerinde we ýokary okuw jaýlarynda okan ýaşlaryň iňlis, türk dillerini gowy bilýän hünärmenlerdigini we olaryň türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmekde uly rol oýnap biljekdiklerini nygtaýar.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri bu iki ýurduň arasynda 100-den gowrak resmi dokumente gol çekildi.
XS
SM
MD
LG