Senagat taýdan ösen ýurtlaryň G-20-lik toparyna girýän döwletleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda geçirilýän sammit dowam edýär.
Sammitiň ikinji gününde walýutalar we söwda baradaky ylalaşmazlyklara çözgüt tapmak we dünýäniň ykdysadyýetiniň durnuklylygyny gazanmak ýaly meseleler hakda pikir alyşylmagyna garaşylýar.
Şu gün ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň, Hytaýyň prezidenti Hu Sintaonyň, Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedewiň gatnaşmagynda geçirilýän şol sammitde gelnen ylalaşyklar boýunça beýanatyň ýaýradylmagyna garaşylýar.
Şu günki gepleşikler başlanmazdan öň Günorta Koreýanyň prezidenti gepleşikleriň dowamynda uly progresiň gazanylandygyny aýtdy, emma bu barada takyk maglumat bermedi.
Dowam edýän ylalaşmazlyklardan biri hem ABŞ-nyň ykdysady ösüşine badalga bermek üçin 600 milliard dollar serişdäni göýbermek baradaky plany bolup durýardy. Tankytçylar bu ädimiň ABŞ-nyň dollarynyň hümmetini peseltjekdigini aýdýarlar.
Şol bir wagtyň özünde Waşington Hytaýyň öz milli puly bolan ýuanyň hümmetini Hytaýyň eksportyny artdyrmak üçin pes tutýanlygyny aýdyp, onuň global söwdada adalatly bir ädim däldigini öňe sürýär.