Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Galplyk bar diýmek biziň işimiz däl"


ÝHHG-niň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň Azerbaýjanda geçirilen saýlawlara gözegçilik eden missiýasynyň ýolbaşçysy Audreý Glower
ÝHHG-niň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň Azerbaýjanda geçirilen saýlawlara gözegçilik eden missiýasynyň ýolbaşçysy Audreý Glower

Azerbaýjanda geçirilen parlament saýlawlaryndan soňra, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy ýurtda plýuralistik demokratiýany döretmek üçin edilmeli işiň gaty köpdügini aýtdy.

Azatlyk Radiosy ÝHHG-niň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça institutynyň Azerbaýjanda geçirilen saýlawlara gözegçilik eden missiýasynyň ýolbaşçysy Audreý Glower bilen bu saýlawlaryň jemleri we ýurtda demokratiýanyň geljegi hakda söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Azerbaýjanda geçirilen saýlawlar hakda garaýşyňyzy gysgaça beýan edäýseňiz?

A.Glower: Maddalar göz öňünde tutulyp aýdylanda, gynansak-da, demokratik saýlawlaryň geçirilmegi boýunça, umuman aýdylanda, zerur bolan şertleriň üpjün edilmänligine göz ýetirmek mümkin. Hususanam, media barada girizilen käbir fundamental çäklendirmeler, jemgyýetiň diňe bir partiýanyň täsiriniň astynda saklanylmagy, saýlaw geçýän güni amala aşyrylan galplyklar hem-de kandidatlaryň kadaly bäsleşmegi we saýlaw kampaniýasyny alyp barmagy üçin döredilen mümkinçilikleriň arasynda deňsizligiň bolmagy bizi alada goýdy.

Azatlyk Radiosy: Blogçylaryň, žurnalistleriň türmede saklanylýan häzirki pursatynda ýurtda demokratik saýlawlaryň geçirilmegine garaşyp bolarmy?

A.Glower: Saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilip-geçirilmänligini aýtmak biziň wezipämiziň çägine girmeýär. Bu sorag maňa metbugat ýygnagynda hem berildi. Meniň pikirimçe, demokratik saýlawlaryň geçirilmegi üçin metbugat we söz azatlygynyň bolmagy, kandidatlara öz pikirlerini deň derejede halka ýetirmäge mümkinçilik berýän medianyň bolmagy zerur.

Azatlyk Radiosy: Siziň hasabatyňyzda diňe sanlar berilýär. Meselem, üç saýlaw nokadynyň birinde galplyklara ýol berlenligi hakda maglumatlar bar. Bu sanlar nämäni aňladýar. Bu uly möçberli galplyklarmy ýa-da kiçi?

A.Glower: Elbetde, biz şeýle ýagdaýlara üns bereris we ol maglumatlara biziň jemleýji hasabatymyzda orun berler. Emma saýlawlarda mydama käbir galplyklar we bidüzgünçilikler bolýar. Ýöne bidüzgünçilikler barada gürrüň edilende, bu ses berişlikde galp seslerden peýdalanmak ýaly waka uly möçberde duş gelindi. Şeýle-de ençeme saýlaw bölümlerinde sesleri sanamak işi hem göwnejay amala aşyrylmady.

Azatlyk Radiosy: Siziň beýanatyňyzda Azerbaýjanyň täze parlamenti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyňyz aýdylýar. Siz bu parlamenti saýlandy diýip hasaplaýarmyzyňyz?

A.Glower: Azerbaýjanda saýlawlar geçirildi we halk kandidatlara ses berdi. Mundan başga goşmaça bir zat aýtmak biziň wezipämiz däl. Biz saýlawlary mundan artykmaç analizläp bilmeris. Sebäbi saýlawyň jemlerine hakyky baha bermek bu ýurduň ilatynyň wezipesi, biziňki däl. Biziň öz pikirimizi beýän edýän ugrumyz: saýlawlar boýunça agzalýan fundamental düzgünleriň we şertleriň berjaý edilip-edilmänligi barada. Biz saýlawlardan ozal ses berişligiň geçirilýän wagtynda we saýlawlardan soňra bize gowuşýan şikaýatlaryň şol azatlyklar bilen baglydygyna ýa-da däldigine serederis. Men diňe şol maddalar barada öz pikirimi beýan edip biljek. Kimiň saýlananlygy bizi o diýen gyzyklandyrmaýar. Bizi gyzyklandyrýan zat: adamlaryň deň derejede saýlanmak hukugyna eýe bolup-bolmanlygy, deň derejede iş alyp barmaga mümkinçilik berlip-berilmänligi, ýagny dalaşgärleriň hemmesine jemlenişmäge, sesini halka ýetirmäge we ilat bilen duşuşmaga deň derejede mümkinçiligiň berlip-berilmänligi.

Azatlyk Radiosy: Men bu pozisiýanyň logikasyna düşünemok. Meselem, saýlanmadyk bir adama saýlanmady diýip, näme üçin aýdyp bileňzok? Siz parlamentiň saýlananlygyny aýdýarsyňyz, şeýle ýagdaýda, eger olar saýlanmadyk bolsa, siz hakykatda olar saýlanmady diýip, näme üçin aýdyp bileňzok?

A.Glower: Parlamentdäkiler saýlanan adamlar, eger saýlanmadyk bolsalar, olar parlamentde bolmazdy şeýle dälmi?

Azatlyk Radiosy: Näme üçin bolmaz?

A.Glower: Elbetde, olar bellenen adamlar däl.

Azatlyk Radiosy: Siz täze parlament bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyňyzy aýtdyňyz. Belkem, parlamentiň karary çykýança, siz bu parlamente saýlanan parlament hökmünde baha bermekden saklanmalysyňyz? Aslynda siz oňa saýlanan parlament hökmünde baha berýärsiňizmi? Eger siziň ýurduňyzde şeýle saýlawlar geçirilen bolsa, siz onuň netijesini ykrar edermidiňiz?

A.Glower: Öň hem aýdyşym ýaly, biz saýlawlaryň doly netijesi bilen heniz tanyş däl. Şeýle-de şikaýatlar boýunça proses hem henize çenli tamamlananok. Netijede bolup geçen ýagdaý hakda bizde entek doly maglumat ýok. Her halda geçirilen şeýle çäräniň iş ýüzünde saýlawdygyny ýa-da däldigini aýtmak biziň işimiz däl.
XS
SM
MD
LG