Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan serkerdesi Al-Kaýdany ýeňmek zerur däl diýýär


Britaniýanyň ýaragly güýçleriniň başlygy Al-Kaýdany hiç wagt gutarnykly ýeňip bolmaz diýýär. Muňa garamazdan, general Deýwid Riçards hökümetler jeňçileri saklap bilen ýagdaýynda gutarnykly ýeňşiň «zerur hem däldigini» aýdýar.

Riçards Sandeý “Telegraph” gazetine beren interwýusynda Usame bin Ladeniň ýolbaşçylygyndaky terror toparlaryna garşy uruşdaky hakyky ýaragyň «okuw hem demokratiýadygyny» aýtdy.

Onuň bu sözleri Britaniýanyň Hatyra ýekşenbesinde, ýurduň uruşda ölenleri ýatlaýan pursatynda çap edildi.
XS
SM
MD
LG