Palestina awtonomiýasynyň wekili Saeb Erakatyň aýtmagyna görä, Palestina Ysraýyl bilen parahatçylyk gepleşiklerine täzeden başlamazdan ozal Günbatar kenardaky gurluşyk işlerini togtatmak baradaky Ysraýylyň kararynyň Ierusalimiň gündogar territoriýalaryna hem degişli bolmagyny isleýär.
Ysraýyl Birleşen Ştatlaryň öňe süren taslamasyny kabul edip, Günbatar kenardaky gurluşyklaryny ýene 90 gün doňdurmak barada karar kabul edipdi. Muňa jogap hökmünde, Birleşen Ştatlar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Ysraýyla garşy kabul ediljek karar boýunça “Weto” hukugyny ulanjakdygyny mälim etdi.
Sentýabr aýynda Günbatar kenardaky gurluşyklaryň doňdurylan möhletiniň soňlanmagy bilen, Ysraýyl ol ýerdäki gurluşyk işlerini ýene gaýtadan ýola goýupdy. Bu bolsa Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň togtamagyna getiripdi.