Şu üstümizdäki hepdäniň dowamynda Türkmenistandaky amerikan ilçihanasy Halkara bilim hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistanda ençeme çäreleri geçirer.
Halkara bilim hepdeligi Birleşen Ştatlaryň Bilim ministrligi hem-de Döwlet departamenti tarapyndan ýörite bellenilip geçilýär.
Bu bilim hepdeliginin çäklerinde Aşgabatdaky amerikan ilçihanasy, şeýle hem Amerikan geňeşi, «AÝREKS» bilim merkezi we käbir beýleki amerikan guramalary Türkmenistanyň dürli künjeklerinde bilim alyş-çalyş meselesi we bilimiň ähmiýeti barada dürli hili prezentasiýa çärelerini gurnarlar.
Halkara bilim hepdeliginiň açylyş dabarasy düýn Aşgabatda bilim meselesi boýunça Amerikan geňeşiniň ofisinde gurnaldy. Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň press-relizinde Halkara bilim hepdeligine bagyşlanylan bu çäreleriň 23-nji noýabra çenli dowam etjekdigi aýdylýar.