Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň raýaty Taýlanddan ABŞ-a ekstradisiýa edildi


Düýn Orsýetiň hökümeti ýarag söwdasynda güman edilýän rus raýaty Wiktor Boutyň Taýlanddan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ekstradisiýa edilmegini «bikanun» we «esassyz» çäre diýip atlandyrdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bu barada eden çykyşynda Wiktor Boutyň ekstradisiýa edilmegini Taýlandyň hökümetiniň Amerika tarapyndan görkezilen basyşlara boýun egmesi hökmünde häsiýetlendirdi.

Emma, beýleki tarapdan, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Filip Krowleý bu bolan waka Orsýet bilen Birleşen Ştatlaryň gatnaşyklaryna ýaramaz täsir eder diýip hasaplamaýandygyny aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Orsýetiň raýaty Wiktor Bouty 1990-njy ýyllardan bäri Afrikadaky, Günorta Amerikadaky we Ýakyn Gündogardaky käbir diktator režimlere hem-de terror toparlaryna ýarag satmak işleri bilen meşgullanyp gelenlikde aýyplaýar.

Wiktor Boutyň özi bu bildirilýän aýyplamany ret edýär we özüniň ýük uçarlary arkaly kanuny söwda bilen meşgullanyp gelendigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG