Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Tähran bilen gatnaşyklary giňeltmekçi


MakKeýn: "Orsýetden soňra, postsowet eýýamynda gaz eksporty boýunça Eýran Türkmenistanyň esasy partnýory boldy".
MakKeýn: "Orsýetden soňra, postsowet eýýamynda gaz eksporty boýunça Eýran Türkmenistanyň esasy partnýory boldy".

16-njy noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi. Olar iki ýurduň syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Eýranyň soňky ýyllardaky gatnaşyklary barada Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Merdan Saryýew düýbi Londondaky “Uruş we parahatçylyk institutynyň” baş redaktory Jon MakLoud bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap MakLoud, siz Türkmenistanyň we Eýranyň soňky ýyllardaky özara gatnaşyklaryna nähili baha berýärsiňiz?

Jon MakLoud: Bu iki döwletiň biriniň postsowet we dünýewi, beýlekisiniň bolsa, yslam respublikasy bolmagyna garamazdan, iki ýurduň özara gatnaşyklary soňky 15 ýylyň dowamynda örän gowy.

Eýranyň beýleki serhetdeş döwletleriniň köpüsi bilen, mysal üçin, Yrak we Türkiýe bilen gatnaşyklary o diýen gowy däl. Onuň Owganystan bilen hem käbir düşünişmezlikleri bar. Ýöne Eýranyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary başga goňşularyna garanda, örän gowy. Bu ýerde belläp geçmeli iň esasy zat: iki döwletiň hiç biriniň birek-biregiň içki syýasatyna goşulmak isleginiň ýoklugydyr.

Emma gatnaşyklaryň tejribe derejesine seredilende, iki ýurduň gaz meselesi boýunça käbir ylalaşmazlyklary bar. Has anyk aýdylanda, türkmen gazynyň geçen ýyllarda Eýranyň demirgazygyna akdyrylmagynyň kesilmegi Eýran üçin gyş aýlary kynçylyk döredipdi. Ýöne bu syýasy meseleler bolman, ykdysady bähbitler bilen baglydyr.

Iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklar barada aýdylanda, olar çäkli bolup galýar. Umuman, iki ýurduň gatnaşyklary syýasy we medeni ugra garanda, has köpräk ykdysady bähbitlere esaslanýar.

Azatlyk Radiosy: Berilýän maglumatlara görä, iki ýurduň prezidentleri häzir gurulýan “Demirgazyk-Günorta” demirýoly baradaky proýekte uly ähmiýet berdiler. Eýse, Merklezi Aziýany Pars aýlagy bilen baglajak bu demirýol iki döwlete näderejede bähbitli diýip pikir edýärsiňiz?

Jon MakLoud: Umuman aýdylanda, Eýran bilen deňeşdirlende, bu esasan Orta Aziýa ýurtlaryna bähbitli. Sebäbi şol ýurtlara bu demirýoluň üsti bilen deňze tarap howpsuz ýol açylýar.

Azatlyk Radiosy: Jenap MakLoud, siziň ýaňy belläp geçişiňiz ýaly, Türkmenistan bilen Eýranyň esasy hyzmatdaşlygy energiýa pudagy bilen bagly. Bu hyzmatdaşlyga nähili baha berýärsiňiz?

Jon MakLoud: Orsýetden soňra, postsowet eýýamynda gaz eksporty boýunça Eýran Türkmenistanyň esasy partnýory boldy. Ýöne Eýran bu ugurda kän bir jebis hyzmatdaşlyk etmändi. Häzir türkmen gazynyň Hytaýa eksport edilmegi has möhüm. Mundan başga-da türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak we “Transowgan gazgeçirijisi” baradaky proýektler hem Aşgabat üçin juda möhüm.

Meniň pikirimçe, Eýrana akdyrylýan türkmen gazy uly möçberde artdyrylmaz. Emma, iki döwletiň gatnaşyklaryny gowy derejede saklamakda bu hem uly rol oýnaýar. Mysal üçin, Eýran türkmen gazynyň üsti bilen özüniň demirgazyk regionlaryny gaz bilen üpjün edýär. Türkmen tarapy üçin bolsa, Eýrana satýan gazynyň möçberi azam bolsa, bu goşmaça bir bazardyr.

Azatlyk Radiosy: Siziň bilşiňiz ýaly, Günbatar Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly işlerini alada edinýär we Eýrany halkara terrorizmini goldamakda aýyplaýar. Şeýle ýagdaýda türkmen hökümeti Eýran bilen gatnaşyklaryny nähili ugurda ösdürse, özi üçin has bähbitli bolar?

Jon MakLoud: Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň hiç hili ýagdaýda Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşygy ýok. Mundan başga-da, Türkmenistan Eýranyň alyp barýan syýasatyny tankytlamaýar. Türkmenistanyň Eýran bilen bagly işlere bitarap bolmagy, ýagny Eýranyň içki işlerine goşulmazlygy, Tähranyň Birleşen Ştatlar we beýleki ýurtlar bilen özara ylalaşmazlyklaryna goşulmazlygy, Türkmenistan bilen Eýranyň gatnaşyklaryna päsgelçilik döretmez. Diýjek bolýan zadym, Türkmenistan Eýran bilen deňhukukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary saklamalydyr.
XS
SM
MD
LG