Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň Sergi köşgünde «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2010» atly 15-nji halkara sergisi açyldy. Bu sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy gurnaýar.
18-nji noýabrda Sergi köşginde “Türkmenistanyň nebit we gaz senagaty: ösüş perspektiwalary hem halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara konferensiýasynyň açyljakdygy hem habar berildi.
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral resurslary ministrliginiň “Summit Trade Events Ltd” atly britan kompaniýasy bilen bilelikde gurnan bu halkara forumyna dünýaniň 35 ýurdundan 700-e golaý delegatyň gatnaşýandygy aýdylýar.
Forumda çykyş etmegi göz öňünde tutýan 60 adamyň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika ministriniň, Ýewropa Kommisiýasynyň agzalarynyň, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilleriniň bardygy habar berilýär.
Bu halkara forumyna ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyn Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisinin orunbasary Susan Elliott hem gatnaşýar.

Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!