Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Huşuna gelen Oleg Kaşin ilkinji gezek görkezme berdi


Ýakynda Moskwada näbelli adamlar tarapyndan rehimsiz ýenjilip, huşundun giderilen orsýetli žurnalist Oleg Kaşin huşuna gelenden soň, düýn ilkinji gezek derňewçilere görkezme berdi.

Oleg Kaşin bilen gysgaça gürrüňdeş bolan sülçüler onuň özüne hüjüm edilmeginiň sebäbini Moskwanyň etegindäki Himki tokaýlygynda alnyp barylýan işler barada öz ýazan tankydy maglumatlary bilen baglanyşdyrýandygyny mälim etdiler.

Himki tokaýlygynyň üstünden täze transport ýoluny gurmak baradaky planlar jemgyýetçilikde uly dawalaryň döremegine sebäp bolupdy.

Bu plan barada tankydy materiallar bilen çykyş eden žurnalist Oleg Kaşine ýakynda, 6-njy noýabrda näbelli adamlar hüjüm edip, onuň saglygyna uly zeper ýetirdiler. Şondan bäri bihuş ýagdaýda ýatan Oleg Kaşin geçen hepdäniň ahyrynda özüne geldi.
XS
SM
MD
LG