Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda prezidentlige dalaşgärler hasaba alyndy


Düýn Belarusyň Merkezi saýlaw komissiýasy geljek aý geçiriljek prezidentlik saýlawlary üçin 10 sany dalaşgäri hasaba aldy.

Bu hasaba alnan kandidatlaryň hatarynda ýurduň häzirki prezidenti Aleksandr Lukaşenko hem bar.

Şu noýabr aýynda garaşsyz barlaglar instituty tarapyndan geçirilen pikir soraýyşlyklar Belarusyň ilatynyň 44 prosentiniň Aleksandr Lukaşenkonyň gaýtadan prezident saýlanmagyny goldaýandygyny görkezdi.

Oppozision partiýalardan dalaş etjek ähli beýleki kandidatlara berlen goldawyň umumy görkezijisi 27 prosent töweregi boldy.
XS
SM
MD
LG