Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Total” türkmen gazyny Hazaryň üsti bilen akdyrmak mümkinçiligini öwrener


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Fransiýanyň “Total” kompaniýasy türkmen gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa tarap akdyrmak mümkinçiligini öwrener.

Bu barada “Total” kompaniýasynyň baş direktory Kristof de Maržeri düýn Aşgabatda prezident G.Berdimuhamedow bilen duşuşandan soň türkmen telewideniýesine beren interwýusynda aýtdy.

Prezident G.Berdimuhamedow öz ýurdunyň nebitiniň we gazynyň täze bazarlara akdyrylyşyny köpeltmegi göz öňünde tutýandygy barada gürrüň berdi.

“Ekologiýa baradaky sowallaryň çözgüdini göz öňünde tutup, türkmen gazyny Hazaryň üsti bilen eksport etmegiň mümkinçiligi aktual tema boldy” diýip, Kristof de Maržeri aýtdy.

“Transhazar” gaz geçirijisi proýekti Merkezi Aziýanyň gazyny Orsýetden sowa Ýewropa akdyrjak “Nabukko” proýektiniň bir bölegi bolup durýar. Ekologiýa meselesi şol proýektiň garşydaşlarynyň esasy argumentidir.

Ýakynda Türkmenistanyň premýer-ministriniň orunbasary Baýmyrat Hojamuhammedow hem öz ýurdunyň Ýewropa 40 milliard kubmetr gaz akdyrmaga taýýarlanýandygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG