Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran ikitaraplaýyn ylalaşyklara garşy


Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde), Nursoltan Nazarbaýew (çepden ikinji), Ilham Aliýew (sagdan ikinji) we Dmitriý Medwedew Hazaryň kenaryndaky Aktauda, 11-nji sentýabr 2009.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde), Nursoltan Nazarbaýew (çepden ikinji), Ilham Aliýew (sagdan ikinji) we Dmitriý Medwedew Hazaryň kenaryndaky Aktauda, 11-nji sentýabr 2009.
Eýran Hazar deňziniň suwasty giňişliginiň bölünişigi boýunça regionyň döwletleriniň arasynda bar bolan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ykrar etmeýär. Bu barada 23-nji noýbarda Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Muhammet Mehdi Ahunzade metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Eýran Hazar deňziniň geljekki kanuny statusy boýunça islendik ylalaşyklar “barlyşyga we adalatlylyga” esaslanmaly diýen pozisiýasyna daýanýar diýip, Eýranyň “Press TV” döwlet telekanaly ýurduň ýokary derejeli diplomaty Mohammad Mehdi Ahunzadä salgylanmak bilen habar berýär.

“Eýranyň Hazardaky paýyny 20 ýa 40 prosent bilen çäklendirip bolmaz. Hazarýaka döwletleriň arasyndaky ylalaşyklar 1921-nji we 1940-njy ýyllarda baglaşylan iki ylalaşyga esaslanmaly bolar” diýip, Eýranyň prezidentiniň Hazar boýunça hem maslahatçysy Muhammet Mehdi Ahunzade aýtdy.

“Eýran hazarýaka döwletleri boýunça Orsýetiň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasynda baglaşylan ylalaşyklary ret edýär we olary ykrar etmeýär” diýip, Ahunzade aýtdy. Ol Hazar deňziniň hukuk statusy boýunça jemleýji dokumentiň Eýranyň razyçylygygny gazanmalydygyny nygtady.

Ylalaşyklar näme berýär?

Azerbaýjanyň Nebiti öwreniş merkeziniň müdiri Ilham Şaban: “Ikitaraplaýyn ylalaşlyklar 1998-nji ýylda baglaşylyp başlandy. Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Orsýetiň arasynda hem şeýle ikitaraplaýyn ylalaşyklar bar. Bu Hazaryň ýarpysyndan gowragynda serhetleriň kesgitlenenligini aňladýar” diýýär.

Şabanyň sözlerine görä, ikitaraplaýyn ylalaşyklar giňişlikleriň serhetlerini kesgitlenmegine we suwasty baýlyklaryň özleşdirilmegine kanuny esas döredýär. Ol ikitaraplaýyn ylalaşyklary baglaşmak arkaly hazarýaka döwletleriň özara dawaly meselelerini hem çözmegi başaranlygyny belleýär.

Azerbaýjanly ýangyç syýasaty boýunça ekspert Ilham Şaban Russiýa Federasiýasy bilen Gazagystanyň arasynda gol çekilen ylalaşykda ýurtlaryň özara deňiz serhedinde ýerleşýän dawaly ýataklary bilelikde özleşdirmek we tebigy baýlyklary deň paýlaşmak kararyna gelnenligini aýtdy.

18-nji noýabrda Bakuwda geçirilen hazarýaka döwletleriniň üçünji sammitinde Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleriniň arasynda bilelikdäki beýannama we Hazar deňziniň howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekildi.

Sammitde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzinde turbalaryň gurluşygyny diňe öz suw giňişliginden geçýän döwletleriň razylygy bilen çäklenip, amala aşyryp boljakdygyna berk ynanýanlygyny mälim etdi. Bu pozisiýa köpçüligiň ünsüni çekdi.

Türkmen-azeri gepleşikleri

Azerbaýjanyň Nebiti öwreniş merkeziniň müdiri Ilham Şaban prezident G.Berdimuhamedowyň aýdanlaryna Ýewropanyň energiýa bazarlaryna çykmaga mümkinçilik döredýän regional proýektlere Türkmenistanyň çynlakaý üns berýänliginiň alamaty hökmünde garaýar.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan öňe sürülýän we Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan “Nabukko” proýektiniň çäginde Hazar deňzinde gurmagy planlaşdyrýan “Transhazar” gaz geçirijisi deňziň Türkmenistana degişli böleginden başlanyp, Azerbaýjanyň giňişliginden geçmeli bolar.

Şaban Bakuwdaky sammitiň çaginde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň prezidentleriniň özara ikiçäk gepleşiginiň netijesinde ýakyn wagtda ikitaraplaýyn hökümetara maslahaty geçirmek ylalaşygynyň gazanylandygyny aýtdy. Şol maslahatda iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryna hem garalar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda ýurtlaryň Hazar deňzindäki territorial dawalaryna we şol ýerdäki ýagyç ýataklaryna degişli dialog alnyp barylýar. 2007-nji ýylda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azeri hökümetara komissiýasy hem döredilipdi.

Şabanynyň pikiriçe, Aşgabat we Baku Hazar deňzinde özara ikitaraplaýyn ylalaşyk baglaşsalar, bu iki ýurduň tebigy baýlyklarynyň özleşdirilmegine we eksportyna ýol açar. Emma Hazaryň giňişliginiň serhetdeş döwletler tarapyndan ikitaraplaýyn esasda bölüşilmegine Eýran garşy.

Eýranyň negatiw täsiri

Orsýetiň Döwlet uniwersitetiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça bilermeni Leonid Fridman Eýranyň pozisiýasy beýleki hazarýaka döwletleriniň planlaryna täsir ýetirip bilýär diýen pikirde: “Hazaryň kanuny statusynyň kesgitlenmegini Tähranyň bähbitleriniň bökdäp gelmegi muňa mysaldyr”.

“Tähran Hazar deňziniň statusy boýunça regionyň döwletleriniň arasyndaky ylalaşyksyzlygy özüne degişli beýleki halkara meselelerde hem öz bähbitlerini öňe sürmek üçin ulanýar we regionyň döwletlerine täsir ýetirmek üçin gural hökmünde peýdalanýar” diýip, Leonid Fridman aýdýar.

Bakuwly ekspert Ilham Şaban bolsa Eýranyň garşylygy hazarýaka döwletleriniň arasynda baglaşylýan ikitaraplaýyn ylalaşyklara täsir ýetirip bilmez diýip, pikir edýär we öz nukdaýnazaryny özara ylalaşyklaryň halkara hukuk düzgünlerine ters gelmeýänligi bilen düşündirýär.

Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad
Ýangyç syýasaty boýunça ekspert Şaban şol bir wagtda-da Eýranyň razy bolup-bolmazlyga haklydygyny hem belledi. Emma azerbaýjanly bilermeniň pikirine görä, hazarýaka döwletleriň özara ylalaşyga gelmegi deňziň kanuny statusynyň kesgitlenmegine tarap zerur ädimdir.

Hazarýaka döwletleriniň Bakuwda geçirilen üçünji sammitinde region ýurtlarynyň Hazar deňzine we onuň baýlyklaryna degişli hak-hukuklarynyň ykrar edilýänligi nygtaldy. Taraplar Hazar deňziniň kanuny statusy boýunça konwensiýany işläp düzmek niýetini hem tassykladylar.

Hazar deňziniň durumyna degişli problema SSSR dargap, Hazaryň ýakasynda täze döwletler emele gelensoň ýüze çykdy. Mundan öňki döwürde Sowet Soýuzynyň we Eýranyň Hazar deňzindäki goňşulygy we gatnaşyklary 1921-nji we 1940-njy ýyllarda gol çekilen ylalaşyklar esasynda amala aşyrylýardy.

Hazar deňzi ýer ýüzündäki iň uly ýapyk suw giňişligidir. Ol dünýädäki iň uly köl ýa-da doly ýapyk deňiz hasaplanýar. Hazaryň suwüsti meýdany 371 müň kw.kilometre barabar bolup, göwrümi 78,200 kubmetrdir. Hazar deňziniň gündogar kenarynyň 1,200 kilometri Türkmenistana degişli.
XS
SM
MD
LG