Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýüzlerçe liwanly ermeniler howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdylar


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň Liwana iki günlik saparyna protest bildiren ýüzlerçe liwanly ermeniler howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdylar. Agyr ýaralananlar barada habar berilmedi.

Liwanda 150 müň etniki ermeni ýaşaýar. Olar ýurduň ilatynyň dört prosent çemesini emele getirýär.

Düýnki biznes konferensiýasyna gatnaşan premýer-ministr Rejep Taýýp Erdogan, eger Ysraýyl Liwana ýa-da Gaza çozsa, Ankara sesini çykarman oturmaz diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG