Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystanda öldürilen söweşijileriň biri metjidiň ymamy eken


Bazar güni Dagystanyň Kizlýar etrabynda öldürilen söweşijileriň biri ýerli metjidiň ymamy bolup çykdy diýip, Orsýetiň milli antiterroristik komiteti habar berdi.

Abdulmömin Abdylmöminow şu ýylyň maý aýynda gizlin ýagdaýa geçipdir. Onuň jihada çagyrýan makalalaryny ekstremistik saýtlar çap etdi.

Düýn gündiz ekstremitleri milisionerler ýörite operasiýanyň gidişinde Serebrýakowa obasynyň golaýyndan tapdylar.

Söweş başlandy. Milisiýadan ýitgi ýok. Etrapda terrorizme garşy operasiýa režimi girizildi.

Operatiw maglumatlara görä, şol ýerde başga-da ekstremitleriň gizlenýän bolmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG