Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Germaniýanyň medeni günleri başlanýar


Şu gün Türkmenistanda Germaniýanyň medeni günleri başlanýar. Onuň açylyş dabarasy Aşgabatdaky “Türkmenistan” kino-konsert zalynda bolar.

Onda Germaniýanyň belli “Arne Ýansen” jaz topary “Nurana” türkmen sazandalar topary bilen bilelikde çykyş eder.

Medeni günleriň dowamynda türkmen we nemes hudožnikleriniň işleri görkeziler, fotosergiler gurnalar.

Iki halkyň dostlugyna bagyşlanan serginiň nemes dilini çuňdan öwredýän 27-nji mekdepde gurnaljakdygy habar berilýär.

Germaniýanyň Türkmenistandaky medeni günleri 3-nji dekabrda tamamlanar.
XS
SM
MD
LG