Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Eýran bilen ýadro programmasy boýunça gepleşik geçirer


Ýewropa Bileleşiginiň resmileriniň aýtmagyna görä, Eýranyň ýadro programmasy boýunça Tähran bilen gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny geçirmek barada ylalaşyk gazanylypdyr.

Bu gepleşikler 6-7-nji dekabr aralagynda Ženewada geçirler.

Bu gepleşiklere Eýran bilen bir hatarda dünýäniň iri alty döwleti, ýagny, Birleşen Ştatlar, Hytaý, Orsýet, Fransiýa, Britaniýa we Germaniýa gatnaşar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerine Aşton halkara delegasiýasyna ýolbaşçylyk eder.

Eýran bilen dünýäniň alty iri döwletiniň arasyndaky gepleşikleriň soňky tapgyry 2009-njy ýylyň oktýabrynda bolupdy.
XS
SM
MD
LG