Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howpsuzlyk ÝHHG Sammitiniň baş temasy


Häzirki Sammit ÝHHG-niň taryhynda ýokary derejeli duşuşyklaryň 7-njisi bolup durýar.
Häzirki Sammit ÝHHG-niň taryhynda ýokary derejeli duşuşyklaryň 7-njisi bolup durýar.
Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astanada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň iki günlük Sammiti başlandy. 68 döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu Sammitden maksat - geljekde ýüze çykmagy mümkin howpsuzlyk krizislerine guramanyň nähili reaksiýa görkezip biljekdigi barada maslahat etmek.

Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna agza 56 ýurduň we 12 sany hyzmatdaş döwletiň baştutanlary we ýokary derejeli resmileri Owganystanda barýan uruş, Gyrgyzystandaky etniki çaknyşyklar, ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmazlygy, şeýle hem Azerbaýjan bilen Ermenistanynň arasyndaky Daglyk-Garabag dawasy ýaly regional konfliktleriň çözgüdi hakda iki günlap pikir alşarlar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň uruşlaryň öňüni almakda we konfliktleri çözmekde has güýçli rol oýnamalydygy bilen Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton hem-de Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ylalaşýar.

Klinton: “Kawkaz we Merkezi Aziýa konfliktleri ÝHHG-niň gözegçilik işiniň güýçlendirilmeginiň zerurdygyny görkezýär” diýdi. “ÝHHG öz içindäki krizislere has netijeli reaksiýa görkezer ýaly, oňa has köp ygtyýarlygyň berilmelidigine ynanýarys. Häzirki ukybymyzy ýokarlandyrmagyň zerurdygyny Orsýetiň hem ykrar etmegi bizi höweslendirýär”.

Owganystan we Gyrgyzystan

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Astanadaky Sammitde, 1-nji dekabr.
Owganystan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasy bolmasa-da, 2001-nji ýylda Talyban režimi agdarylany bäri bu gurama agza 40-dan gowrak döwlet ol ýerde barýan harby operasiýalara ýa-da dikeldiş işlerine gatnaşýar. Şol sebäpden Owganystan regional howpsuzlyk üçin juda möhüm hasapalanýar.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý: “Owganystan ÝHHG-e agza üç döwlet bilen serhetdeş. Biziň regionymyza halkara terrorizm we jenaýatçy toparlar howp abandyrýar. Biz Owganystan bilen bu gurama agza üç goňşy döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden daşgary, ÝHHG-niň maksatlaryny amala aşyrmak üçin regional hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem zerur diýip, hasap edýäris” diýdi.

Gazagystanyň ýene bir gowgaly goňşusy Gyrgyzystan. Astanadaky şu günki duşuşykda bu ýurduň prezidenti Roza Otunbaýewa etnigara dialogy ýola goýup, milli barlyşyga tarap ilerlemek, kanunyň üstünligini, demokratik institusiýalary güýçlendirmek üçin Bişkegiň elde baryny etjekdigini aýtdy.

“Adam hukuklary we etniki gatnaşyklar barada entek çözülmän ýatan ynjyk meseleleriň bardygyna, bularyň weýrançylykly güýje eýedigine gyrgyz hökümeti düşünýär” diýip, Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa Asatanda geçirilýän ÝHHG-niň Sammitinde aýtdy.

2010-njy ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna ýolbaşçylyk eden Gazagystanyň özi hem graždan jemgyýetçiligi tarapyndan ýiti tankyt edilýär. Bu tankyda sebäp bolýan zat - bu ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň ýaramazdygy hem-de gazak hökümetiniň metbugat azatlygy hakda beren wadalaryny ýetine ýetirmänligi.

Adam hukuklary ýa-da energiýa

Astanadaky Sammite gatnaşýan Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy adam hukuklaryna däl-de, esasan energiýa howpsuzlygyna gönükdirildi. Ol Türkmenistanyň energiýa howpsuzlygy boýunça pozisiýasyny BMG-niň Baş assambleýasynda hem özüniň mälim edendigini we munuň ähmiýetini nygtandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Türkmenistan terrorçylyga, neşe gaçakçylygyna we adam söwdasyna garşy goreşe uly ähmiýet berýär. Ol ÝHHG-niň agzasy hökmünde Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigini hem sözüne goşdy.

Merkezi Aziýa boýunça bilermen, Orsýetiň RIA nowosti agentliginiň ekspertler geňeşiniň agzasy Sanobar Şermatowanyň pikirine görä, Astanadaky Sammitde gozgalan meseleler adam hukuklarynyň kemsidilmegi we demokratik ösüşiň ýoklugy bilen bagly problemalara regionyň döwletleriniň ýeterlik derejede ähmiýet bermeýänligini görkezdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton (çepde) we Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç ÝHHG-niň Sammitinde, Astana, 1-nji dekabr.
“Bu tema Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň ýolbaşçylarynyň bähbitlerine gabat gelmeýäne meňzeýär. Şu sebäpden uzakmöhletleýin proses bolan demokratik ösüşe bu ýurtlaryň häzirki syýasy planlarynyň çäginde çynlakaý garalmaýar” diýip, Şermatowa aýdýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Sammitde eden çykyşynda: “Adam hukuklary berjaý edilmese, meseläniň milli plana goşulmagy ýeterlik däl. Hökümetleriň diňe özüne tarapdar jemgyýetçilik guramalaryna ýol berip, beýlekileriň öňüne böwet salmagy ýerlikli däl. Iş ýüzünde žurnalistler basyşa we hatda hüjüme sezewar edilýärkä, metbugat azatlygynyň konstitusiýalarda kepillendirilmegi hem ýeterlik däl” diýdi.

Sammitiň öňýanynda ABŞ-nyň “Freedom Now” guramasy ýörite açyk hat ýaýradyp, ÝHHG-e agza döwletleriň özleriniň adam hukuklaryna hormat goýýandyklaryny subut etjekdiklerine umyt bildirdi. “Freedom Now” guramasynyň beýanatynda Türkmenistan ÝHHG giňişliginde adam hukuklaryny iň gödek bozýan ýurtlaryň biri hökmünde görkezilýär.

“Mentalitet meselesi”

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Astanadaky Sammitde, 1-nji dekabr.
Sammitde eden çykyşynda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow demokratik ösüş meselesini agzap, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda reformalaryň geçirilýänligini, ol reformalaryň ýurduň kanuny binýadynyň döredilmegine, adamlaryň raýat hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilýänligini aýtdy.

Astandaky ÝHHG-niň Sammitine žurnalist hökmünde gatnaşýan Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň müdiri Ýedigeý Magauin Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň demokratik ösüş barada sözlän sözünde halkyň milli aýratynlygynyň, türkmen halkynyň ‘mentalitetiniň’ we däp-dessurlarynyň hasaba alynmagynyň zerurlygyny bellänligine ünsi çekýär.

S.Şermatowanyň pikirine görä, Türkmenistanyň ýolbaşçylary halkyň milli aýratynlyklaryna salgylanyp, demokratik ösüşe ýol bermän gelýän hem bolsalar, halkda öz hukuklaryny goramak we talap etmek tejribesiniň ýoklugy hem demokratik ösüşe päsgel berýär. Bilermen häkimiýetleriň eden-etdiligine we şahsyýet kultuna boýun bolmak bilen demokratik ösüşe eýe bolmagyň mümkin däldigini nygtaýar.

ÝHHG-niň ýokary derejeli duşuşygy 2-nji dekabrda plenar sessiýasy bilen dowam etdiriler. Häzirki Sammit guramanyň taryhynda ýokary derejeli duşuşyklaryň 7-njisi bolup durýar. Ozalky sammitler 1975-nji ýylda Helsinkide, 1990-njy ýylda Parižde, 1994-nji ýylda Budapeştde, 1996-njy ýylda Lissabonda we 1999-njy ýylda Stambulda geçirilipdi.
XS
SM
MD
LG