Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazprom” we “Naftogaz Ukrainy” bilelikde iki kärhana döreder


“Gazprom” we “Naftogaz Ukrainy” kompaniýalary bilelikde iki kärhana döretmek barada ylalaşdylar.

Bu barasynda “Gazpromyň” başlygy Alekseý Milleriň Ukrainanyň ýangyç we energetika ministri Ýuriý Boýko bilen geçiren iş duşuşygynyň netijeleri baradaky maglumatda habar berilýär.

Dörediljek kärhanalar Ukrainanyň territorisynda gaz we kömür çykarmak hem Gara deňziň ýalpaklaryny özleşdirmek bilen meşgullanar.

Şol ýalpaklardan 75 milliard kubometr gaz çykarylmagynyň mümkindigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG