Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«WikiLeaks» G.Berdimuhamedowy «açyp görkezýär»


«WikiLeaks» internet saýtynyň soňky ýaýradan diplomatik telegrammalarynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “gaty açyk bolmadyk”, “köp adamalara ynamsyzlyk bildirýän” we “tejribeli ýalançy” diýlip häsiýetlendirilipdir.

Bu telegrammalarda prezident Berdimuhamedowyň häsiýeti we gatnaşyklary barada käbir maglumatlar berlipdir.

Gizlin maglumatlarda prezident Berdimuhamedowyň Birleşen Ştatlary, Türkiýäni we Eýrany halamaýandygy, ýöne Hytaýy gowy görýändigi aýdylýar.

Şeýle-de, onuň Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowy we Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewi hem “gowy görmeýändigi” habar berilýär.
XS
SM
MD
LG